bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Ezekiel 5
Ezekiel 5
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 6 →
1
Eý, ynsan ogly, özüňe bir kesgir gylyç al, ony dellek päkisi hökmünde ulanyp, saç-sakgalyňy syr. Soň ölçär ýaly bir terezi al-da, saç-sakgalyňy böleklere böl.
2
Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, tutuş şäheriň töweregine gylyç bilen pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn.
3
Sen saç-sakgaldan birazajyk alyp, donuňyň etegine daň.
4
Olardan ýene-de alyp, oda taşla-da ýak, ondan bütin ysraýyl halkyna garşy ot çykar.
5
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu Iýerusalimdir; Men ony milletleriň merkezinde goýdum, ýurtlary onuň töwereginde ýerleşdirdim.
6
Emma Iýerusalim töweregindäki ähli milletlerden we ýurtlardan has beter erbetlik edip, Meniň hökümlerime we parzlaryma garşy baş galdyrdy, Meniň hökümlerimi ret etdi we parzlarymy tutmady».
7
Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz töweregiňizdäki milletlere garanda has beter pitneçi bolduňyz, parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, hatda siz tutuş daş-töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä-de hereket etmediňiz».
8
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men, hut Meniň Özüm size garşy çykaryn, milletleriň gözleriniň alnynda size höküm çykararyn.
9
Ähli nejis işleriňiz üçin Men size öň etmedik, indem etmejek zatlarymy ederin.
10
Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn».
11
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.
12
Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.
13
Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler.
14
Töweregiňizdäki milletleriň arasynda we ähli ötegçileriň gözleriniň alnynda, sizi weýrançylyga we masgaraçylyga sezewar ederin.
15
Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.
16
Açlygyň ölüm oklaryny ýollanymda, olar sizi weýran etsinler diýip ýollaryn. Üstüňizdäki açlygy has-da artdyraryn, bir döwüm çörege zar ederin.
17
Üstüňize açlyk we ýyrtyjy haýwanlary ýollaryn; olar sizi perzentsiz goýarlar; mergi we uruş sizi ýok edip taşlar, başyňyzdan gylyç salaryn. Muny Men-Reb aýtdym».
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 6 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48