bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Ezekiel 38
Ezekiel 38
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 37
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 39 →
1
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
2
«Eý, ynsan ogly! Magok ýurdundaky Meşegiň we Tubalyň hökümdary Goga tarap ýüzüňi öwür-de, oňa garşy pygamberlik et.
3
Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn.
4
Men seni arkan agdaryp, äňleriňe çeňňek salaryn. Seni we bütin goşunyňy, atlaryňy, atlylaryňy, bezemen geýnüwli, uly hem kiçi galkanly, elleri syrylan gylyçly uly jemagatyňyň ählisini çykararyn.
5
Olar bilen birlikde ählisi galkanly, demir tuwulgaly bolan pars, Efiopiýa we Put halklaryny,
6
Gomeri we onuň tutuş goşunlaryny, demirgazygyň aňry ujundan Togarma halkyny we ähli goşunlaryny seniň bilen birlikde köp halklary çykararyn.
7
Taýýar bol! Ýanyňa ýygnan ähli jemagatyň bilen birlikde taýýar bol. Bu jemagata sen goragçy bolarsyň.
8
Köp wagtdan soňra sen söweşe çagyrylarsyň. Geljek ýyllarda sen köp halklaryň içinden yzyna ýygnalan, hemişelik haraba öwrülen Ysraýyl daglarynda toplanan, uruşdan rahatlyga gowşan ýurda hüjüm edersiň. Başga milletleriň arasyndan çykarylyp getirilen bu halkyň hemmesi indi howpsuz ýaşaýarlar.
9
Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler“».
10
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.
11
Sen: „Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok“ diýersiň.
12
Sen öň weýran edilen, emma indi ilatly bolan şäherlerde ýaşaýan bu halky talap, olja alarsyň. Milletleriň arasyndan yzyna ýygnalyp, çarwaçylyk hem söwda bilen meşgullanýan, dünýäniň ortasynda ýaşaýan bu halka garşy eliňi uzadarsyň.
13
Şeba, Dedan, Tarşyş söwdagärleri we onuň ähli ýolbaşçylary senden: „Talamaga geldiň dälmi? Jemagatyňy olja almak, altyn-kümüş äkitmek, emläk we köp olja edinmek üçin ýygnadyňmy?“ diýip sorarlar».
14
Munuň üçin, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, Goga Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Şol gün sen Meniň halkym Ysraýylyň howpsuz ýaşaýandygyna göz ýetirersiň!
15
Şonda sen ýanyňdaky köp halklar bilen, at üstünde bolan uly jemagat we güýçli goşun bilen demirgazygyň aňry ujundan, öz mekanyňdan gelersiň.
16
Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».
17
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öňki döwürlerde gullarym Ysraýyl pygamberleriniň üsti bilen gürrüňini edenim sen dälmidiň? Ol günlerde Meniň seni ysraýyllaryň garşysyna çykarjakdygym hakda ýyllar boýy pygamberlik etdiler.
18
Goguň Ysraýyl ýurdunyň garşysyna çykan güni, hut şol gün Meniň gahar-gazabym möwç urar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
19
Gabanjaňlygym we otly gazabym bilen Men jar edýän: Şol gün Ysraýyl ýurdunda ýer titrär.
20
Deňziň balyklary, gögüň guşlary, ýyrtyjy haýwanlar, ýerdäki süýrenijiler we ýer ýüzündäki ähli ynsanlar Meniň huzurymda titreşerler, daglar ýumrular, uçutlar ýykylar, ähli diwarlar ýer bilen ýegsan bolar.
21
Ähli daglarymda gylyjy Goguň üstüne çozmaga çagyraryn Hökmürowan Reb diýýär her adamyň gylyjy öz doganyna garşy bolar.
22
Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn.
23
Şeýdip, Men beýikligimi we mukaddesligimi görkezjekdirin, köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».
← Chapter 37
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 39 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48