bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Ezekiel 33
Ezekiel 33
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 32
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 34 →
1
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
2
«Eý, ynsan ogly! Men bir ýurduň üstünden gylyç inderenimde, ol ýurduň halky öz arasyndan bir adamy saýlap, özlerine gözegçi goýjakdygyny ildeşleriňe aýt.
3
Gözegçi ýurduň üstüne gylyjyň gelýändigini görende, halka duýduryş bermek üçin surnaý çalar.
4
Şonda kim surnaý sesini eşidibem, ägä bolmasa we gylyç gelip, ony öldürse, onuň gany öz boýnuna bolar.
5
Ol surnaý sesini eşidibem, ägä bolmady; onuň gany öz boýnuna bolar; ýöne ägä bolan öz janyny halas eder.
6
Gözegçi gylyjyň gelýändigini görübem, surnaý çalmasa, halka duýduryş bermese we gylyç gelip, olardan biriniň janyny alsa, bu adam öz etmişi üçin öldüriler. Emma onuň gany üçin Men gözegçi bilen haklaşaryn.
7
Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi goýdum; sen Menden söz eşidip, olara Meniň tarapdan duýduryş berersiň.
8
Men erbet adama: „Eý, erbet adam, sen hökman ölersiň!“ diýenimde, öz ýolundan ägä bolar ýaly, erbede duýdurmasaň we erbet adam öz etmişi üçin ölse, onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.
9
Dogry ýola düşer ýaly, erbet adamy öz ýolundan habardar etseň, emma ol şonda-da öz ýolundan dönmese, ol etmişi sebäpli öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.
10
Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna: „Siz: Jenaýatlarymyz we günälerimiz bizi çökerýär, olardan ýaňa eräp ýok bolup barýarys. Bu ýagdaýda biz nähili diri galarys? diýýärsiňiz“ diý.
11
Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.
12
Eý, ynsan ogly, öz ildeşleriňe şeýle diý: „Günä eden güni dogruçyl adamyň dogruçyllygy ony halas etmez we erbetliginden dönen güni erbet adamyň erbetligi onuň heläk bolmagyna sebäp bolmaz. Dogruçyl adam günä eden güni öňki dogruçyllygy sebäpli diri galmaz“.
13
Men dogruçyl adam hakda „Elbetde, ol diri galar“ diýenimde, ol öz dogruçyllygyna bil baglap, erbetlik etse, onuň ähli dogry işleri ýatlanman, gaýtam ol öz eden erbetliginde öler.
14
Men erbet adama „Sen hökman ölersiň“ diýenimde, ol öz günäsinden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse,
15
girewi yzyna berse, ogurlan zadyny tölese we erbetlik etmän, ýaşaýşyň düzgünlerinde ýörese, ol hökman ýaşar, ölmez.
16
Eden günäleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirendir, ol hökman diri galar.
17
Ýöne seniň ildeşleriň „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýär; olaryň öz ýollary dogry däl.
18
Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse, munuň üçin ol öler.
19
Erbet adam erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, olar arkaly diri galar.
20
Eý, ysraýyl halky, siz „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjekdirin!»
21
Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip: «Şäher basylyp alyndy» diýdi.
22
Ýaňky adam gelmezinden öň, agşam Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ertesi irden ýaňky adam ýanyma gelmänkä, Reb maňa dil bitirdi. Dilim açyldy, indi men lal däldim.
23
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
24
«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýurdundaky harabaçylyklarda ýaşaýan ilat: „Ybraýym ýeke adamdy, ol bu ýurdy miras aldy; emma biz köp; indi bu ýurt mülk hökmünde bize berlendir“ diýýärler».
25
Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?
26
Siz gylyjyňyza daýanýarsyňyz, nejis işler edýärsiňiz, her kes öz goňşusynyň aýalyny haramlaýar. Şundan soň siz ýurdy miras alarsyňyzmy?»
27
Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Öz barlygymdan ant içýärin, harabalykdakylar gylyçdan heläk bolarlar; çöldäkileri ýyrtyjy haýwanlara şam ederin; galadakylar we gowakdakylar bolsa mergiden ölerler.
28
Men ýurdy harabaçylyga öwrerin we weýran ederin, onuň kuwwatynyň buýsanjy tamam bolar; Ysraýylyň daglary çolaryp galar, olardan geçen bolmaz.
29
Eden nejis işleri sebäpli ýurdy weýran edenimden we harabaçylyga öwrenimden soň, olar Meniň Rebdigimi bilerler».
30
«Sen, eý, ynsan ogly, diwarlaryň gapdalynda, öýleriň gapysynda ildeşleriň sen barada gürrüň edýär we biri-birine, her kim öz doganyna: „Gel, Rebden gelen sözüň nämedigini eşideli!“ diýýär.
31
Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.
32
Ine, sen olar üçin oňat saz çalyp, mahmal owazyň bilen söýgi aýdymlaryny aýdýan bagşysyň. Olar seniň sözleriňi diňleýärler, emma olary berjaý etmeýärler.
33
Ine, bu sözler dogry çykanda dogry çykyp hem gelýär olar öz aralarynda bir pygamberiň bolandygyny bilerler».
← Chapter 32
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 34 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48