bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Ezekiel 22
Ezekiel 22
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 23 →
1
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
2
«Bu ganhor şäheri höküm et, eý, ynsan ogly, ony höküm et! Onsoň oňa özüniň eden nejis işlerini aýdyp ber.
3
Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, öz içinde gan döküp, weýrançylygyny taýýarlaýan şäher! Butlar ýasap, özüni haram edýän şäher!
4
Döken ganlaryň bilen etmişli bolduň, ýasan butlaryň bilen haram bolduň; günleriňiň soňuny ýakynlaşdyrdyň, ýyllaryňyň soňuna çykdyň. Şonuň üçin hem Men seni milletleriň öňünde utanja, ähli ýurtlaryň öňünde masgaraçylyga sezewar ederin.
5
Eý, ady nejis we içi gowgadan doly şäher, ýakyndakylar-da, uzakdakylar-da seni masgaralarlar.
6
Ine, içiňde ýaşaýan her bir Ysraýyl ýolbaşçysy öz güýjüniň çatdygyndan gan dökýär.
7
Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.
8
Sen Meniň mukaddes zatlaryma we mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadyň.
9
Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler.
10
Olaryň käbiri öz atalarynyň aýaly bilen ýatdy. Seniň içiňde aýal haramka namysyna degildi.
11
Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse utanman öz gelni bilen zyna etdi; kimse öz aýal doganynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi.
12
Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
13
Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn.
14
Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin.
15
Men seni milletleriň arasyna dargadaryn, ýurtlara pytradaryn, haramlygyňyň soňuna çykaryn.
16
Milletleriň gözüniň alnynda özüňi haram etmegiňi bes edeniňde Meniň Rebdigimi bilersiň“».
17
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
18
«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halky Meniň üçin galyndy boldy; olaryň bary bir körükde eredilen kümşüň galyndysy bürünç, galaýy, demir we gurşun galyndysy ýalydyr.
19
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Baryňyzyň galyndy bolandygyňyz üçin, Men sizi Iýerusalimiň ortasyna ýygnaryn.
20
Eretmek üçin ody üfläp, kümşi, bürünji, demri, gurşuny we galaýyny körüge salyşlary ýaly, Men-de sizi gahar-gazabym bilen şähere salyp erederin.
21
Sizi ýygnap, gazap odumy üstüňize üflärin we siz şäheriň içinde erärsiňiz.
22
Kümşüň körükde ereýşi ýaly, siz-de şäheriň içinde erärsiňiz, onsoň gahar oduny üstüňize dökeniň Men-Rebdigimi bilersiňiz“».
23
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
24
«Eý, ynsan ogly! Oňa: „Sen gazap güni tämizlenmedik, üstüne ýagyş ýagmadyk ýurtsuň!“ diý.
25
Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler.
26
Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum.
27
Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.
28
Pygamberleri boş görnüşler görüp, ýalandan pal atyp, bu etmişleriniň üstüne hek çalýarlar. Men-Reb aýtmadyk bolsam hem, „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diýýärler.
29
Ýurduň halky biri-birini ezip, talaňçylyk etdi, garyba we mätäje zulum etdi, nähak ýere gelmişege sütem etdi.
30
Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim.
31
Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 23 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48