bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Ezekiel 31
Ezekiel 31
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 30
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 32 →
1
Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň üçünji aýynyň birine maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
2
«Eý, ynsan ogly! Faraona we onuň halkyna şeýle diý: „Sen beýikligiň boýunça kime meňzeýärsiň?
3
Ine, Aşur Liwanda owadan şahaly, tokaý saýaly kedr agajydy. Onuň boýy uzyndy, başy bulutlarda ýerleşýärdi.
4
Suwlar ony ösdürdi, ýerasty bulaklar ony belent etdi; daş-töweregini derýalar gurşap, akar çeşmeleri bilen uzakdaky ähli agaçlary gandyrýardy.
5
Munuň üçin onuň boýy beýleki agaçlaryň baryndan uzyndy, baldaklary güreldi; suwuň bollugyndan şahalary uzady.
6
Pudaklarynyň üstünde gögüň ähli guşlary höwürtgelediler; şahalarynyň astynda ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular.
7
Ol belentligi bilen, şahalarynyň uzynlygy bilen gözeldi, köki-de çuň suwlara ýetipdi.
8
Hudaýyň bagyndaky kedr agaçlary onuň boýuna, serwiler onuň pudaklaryna-da taý gelmeýärdi, çynarlar onuň şahalaryna deň däldi, Hudaýyň bagyndaky hiç bir agaç gözellikde oňa taý gelmeýärdi.
9
Men ony gür şahalar bilen bezäpdim; Hudaýyň Erem bagyndaky ähli agaçlar oňa göriplik etdiler“».
10
Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Onuň boýy ösüp, başy bulutlara ýetende, bu beýiklik onuň ýüreginde tekepbirlik döretdi.
11
Şonuň üçin Men ony milletleriň hökümdarynyň eline berdim, oňa öz erbetligine laýyk daraşdylar. Men ondan ýüz öwürdim,
12
gelmişek milletleriň iň rehimsizi ony kesip taşlap ret etdi. Şahalary daglaryň üstüne we tutuş derelere düşüp, pudaklary çapylyp, ýurduň ähli jülgelerine taşlandy. Dünýäniň ähli halklary onuň kölegesinden gitdiler, ony terk etdiler.
13
Gögüň ähli guşlary onuň döwlen böleklerinde mesgen tutýarlar, meýdanyň ähli haýwanlary onuň şahalarynyň arasynda ýerleşýärler.
14
Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».
15
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ölüler dünýäsine inen güni, Men ol agaç üçin ýas tutsunlar diýip, ony düýpsüz çuňluk bilen örtdüm, onuň derýalaryny togtatdym; äpet suwlary sakladym. Bu agaç üçin tutuş Liwany tümlüge gapladym, onuň ähli agaçlaryny soldurdym.
16
Ony gabra inýänler bilen birlikde ölüler dünýäsine inderenimde, ýykylyşynyň gürpüldisinden milletleri titretdim; onsoň Erem bagynyň ähli agaçlary, Liwanyň iň owadan we iň saýlama agaçlary, bol suw içip ösenleriň bary ýeriň teýinde teselli tapdylar.
17
Kölegesinde ýaşanlar, ýagny milletleriň arasynda onuň bilen ylalaşyk baglaşanlar hem onuň bilen birlikde ölüler dünýäsine gylyçdan geçirilenleriň ýanyna indiler.
18
Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
← Chapter 30
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 32 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48