bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Ezekiel 28
Ezekiel 28
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 29 →
1
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
2
«Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.
3
Sen Danyýelden has akyllysyň, hiç bir syr senden gizlin däldir.
4
Sen danalygyň we düşünjäň bilen baýlyk edindiň, hazynalaryňda altyn, kümüş topladyň.
5
Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“».
6
Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen ýüregiňi bir hudaý ýaly tutduň.
7
Munuň üçin Men gelmişekleri, milletleriň iň rehimsizini seniň üstüňe getirerin; olar seniň ajaýyp danalygyňy gylyç bilen kesip, şan-şöhratyňy harlarlar.
8
Seni gabra indererler; sen deňizleriň goýnunda wagşy ölüme duçar bolarsyň.
9
Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň.
10
Sen gelmişekleriň elinde sünnetsizleriň ölümi bilen heläk bolarsyň, sebäbi Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär».
11
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
12
«Eý, ynsan ogly! Sur patyşasy üçin agy aýt, oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Kämilligiň möhüri, danalygyň, gözelligiň aňrybaşy sendiň.
13
Sen Eremde — Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.
14
Sen goragçy kerup bolar ýaly ganatlaryňy ýaýyp oturdyň, seni Men belläpdim. Sen Hudaýyň mukaddes dagyndadyň, otly daşlaryň arasynda gezdiň.
15
Ýaradylan günüňden tä senden ýazyk tapylýança, ýollaryňda aýypsyzdyň.
16
Söwdaňyň köplügi zerarly seni zulumdan doldurdylar, sen günä etdiň. Şeýlelikde, Men seni haram hökmünde Hudaýyň dagyndan aşak taşladym. Men seni, eý, goragçy kerup, otly daşlaryň arasyndan kowup ýok etdim.
17
Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutduň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym.
18
Sen köp etmişleriň bilen, erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi harama çykardyň; onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy. Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp, ýer ýüzünde kül etdim.
19
Halklar arasynda seni tanaýanlaryň bary saňa aňkarylyşarlar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».
20
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
21
«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Sidona tarap öwür-de, oňa garşy pygamberlik et.
22
Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
23
Men galanyň içine mergi iberip, köçelerinden gan akdyraryn; dumly-duşdan üstüne inýän gylyçdan galadaky ýaralylar heläk bolarlar. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler.
24
Ysraýyl halkyny ýigrenýänleriň hiç biri indi gaýdyp Ysraýyla çümýän ýandak we awuly tiken bolmaz, şonda olar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler“».
25
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkyny dargadylan halklaryň arasyndan yzyna ýygnap, milletleriň gözleriniň alnynda mukaddesligimi ykrar ederin. Şundan soň olar öz ýurtlarynda, ýagny Meniň gulum Ýakuba beren ýurdumda mesgen tutarlar.
26
Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler».
← Chapter 27
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 29 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48