bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Ezekiel 30
Ezekiel 30
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 29
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 31 →
1
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
2
«Eý, ynsan ogly! Muny pygamberlik et-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz ‘Ol gün üçin waý!’ diýip perýat ediň.
3
Çünki ol gün ýakyndyr, Rebbiň güni golaýdyr. Ol gün apy-tupan güni, milletleriň jebir çekjek döwrüdir.
4
Müsüriň üstünden gylyç iner, müsürliler gylyçdan heläk bolanlarynda, Efiopiýa ilatyna gorky aralaşar. Müsüriň baýlygy äkidiler, binalary kül-peýekun ediler.
5
Müsür bilen birlikde Efiopiýa, Put, Lut we beýleki halklardan gelen goşunlaryň bary, Kub we ylalaşyk baglaşan ýurdunyň ilaty gylyçdan geçiriler“».
6
Reb şeýle diýýär: «Müsüre arka duranlar heläk bolarlar, onuň kuwwatynyň buýsanjy öçer. Migdoldan Sewene çenli olaryň bary bilelikde gylyçdan geçiriler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
7
Olar haraba öwrülen ýurtlardan hem beter haraba öwrüler, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolar.
8
Müsüre ot berip, ony goldaýanlaryň baryny ýok edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.
9
Ol gün gaýgy-gamsyz ýaşaýan efioplary gorkuzmak üçin gämiler bilen habarçylar ýollaryn. Müsüriň jebir-jepaly döwründäki ýaly, olara hem howp aralaşar, ine, ol gün ýetip gelýär».
10
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eli bilen Müsüriň beýik goşunynyň soňuna çykaryn.
11
Milletleriň iň gorkunjy bolan bu Müsür ýurduny weýran etmek üçin Nebukadnesar goşuny bilen birlikde geler. Olar Müsürde gylyçlaryny ýalaňaçlap, ýurdy jesetden doldurarlar.
12
Men derýalary guradaryn, ýurdy ýaramaz adamlara sataryn; ýurdy we onuň içindäkileriň baryny gelmişekleriň eli bilen weýran ederin. Muny Men-Reb aýtdym».
13
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn.
14
Patrosy weýran ederin, Zogan galasyna ot bererin, Tebes galasynda hökümler çykararyn.
15
Gazabymy Müsüriň güýji bolan Siniň üstüne döküp, Tebesiň köp ilatlylygynyň soňuna çykaryn.
16
Müsüre ot bererin, Sin soňsuz jebir çeker, Tebes galasynyň diwary jaýryk atar we Memfis galasy her gün duşman hüjümine sezewar bolar.
17
Heliýopolysyň we Pibesediň ýaş ýigitleri gylyçdan heläk bolarlar; galadaky halk sürgün ediler.
18
Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.
19
Men Müsüre hökümler çykararyn; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».
20
Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň birinji aýynyň ýedisine maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
21
«Eý, ynsan ogly! Men Müsür patyşasy faraonyň goluny döwdüm. Ol şypa tapar ýaly daňylmady ýa-da gylyç tutmak üçin güýje geler ýaly oňa sargy saralmady.
22
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür patyşasy faraona garşydyryn. Men onuň iki elini hem: sagdyn elini-de, döwük elini-de syndyryp taşlaryn, elindäki gylyjyny gaçyraryn.
23
Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, olary ýurtlaryň arasyna dargadaryn.
24
Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.
25
Babyl patyşasynyň goluny güýçlendirerin, emma faraonyň gollaryny syndyraryn. Gylyjymy Babyl patyşasynyň eline bererin, ol hem ony Müsüriň garşysyna uzadar, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.
26
Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».
← Chapter 29
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 31 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48