bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Jeremiah 1
Jeremiah 1
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 2 →
1
Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir.
2
Amon ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalygynyň on üçünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.
3
Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründen, onuň beýleki ogly Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň bäşinji aýyna çenli, ýagny Iýerusalim halkynyň ýesir edilip äkidilen wagtyna çenli Ýermeýa Rebbiň sözüniň gelmegi dowam etdi.
4
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
5
«Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim».
6
Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.
7
Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň.
8
Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.
9
Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.
10
Bu gün Men saňa milletleri hem şalyklary sogrup taşlamagy we ýykmagy, ýok etmegi we ýer bilen ýegsan etmegi, gurmagy we bina etmegi tabşyrýaryn».
11
Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ýermeýa, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Badam agajynyň şahasyny görýärin» diýdim.
12
Onsoň Reb maňa: « Dogry gördüň, çünki Men her bir sözümiň amala aşmagyna gözegçilik edýärin » diýdi.
13
Maňa ýene Rebbiň sözi gelip, Ol: «Näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Demirgazykda biz tarapa gyşaryp gaýnap duran gazany görýärin» diýip jogap berdim.
14
Reb maňa şeýle diýdi: «Ýurduň ähli ilatynyň üstüne demirgazykdan betbagtlyk iner.
15
Ine, Men demirgazykdaky ähli milletleri çagyrýaryn, muny Men — Reb aýdýandyryn. Olaryň patyşalarynyň ählisi gelip, özleriniň tagtyny Iýerusalim derwezeleriniň girelgesinde, onuň daş-töweregindäki diwarlarynyň we Ýahudanyň ähli şäherleriniň garşysynda gurarlar.
16
Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.
17
Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn.
18
Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna — Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim.
19
Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr».
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 2 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50
51
52