bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Jeremiah 37
Jeremiah 37
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 36
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 38 →
1
Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi.
2
Emma ne onuň özi, ne hyzmatkärleri, ne-de ýurduň halky Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözlerine gulak asdylar.
3
Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!»
4
Ýermeýa heniz tussag edilmändi, ol halkyň arasyna arkaýyn çykýardy.
5
Şol arada faraonyň goşuny Müsürden çykypdy. Iýerusalimiň daşyny gaban babyllylar olar hakdaky habary eşidip, Iýerusalimden çekilipdiler.
6
Şonda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:
7
«Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan faraonyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar.
8
Babyllylar bolsa ýene gelip, bu şähere çozarlar we ony eýeläp ýakarlar“.
9
Reb şeýle diýýär: „‘Babyllylar hökman üstümizden aýrylyp gider’ diýip, özüňizi aldamaň; olar gitmezler!
10
Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».
11
Faraonyň goşuny zerarly babyllylaryň goşuny Iýerusalimden yza çekilende,
12
Ýermeýa benýamin topragyna baryp, halkyň arasynda öz paýyna düşen mülküni almak üçin Iýerusalimden gitmek isledi.
13
Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi.
14
Ýermeýa bolsa: «Ýalan! Men babyllylaryň tarapyna geçjek bolamok» diýdi. Ýöne Ýiriýaý oňa gulak asmady we Ýermeýany tussag edip, ýolbaşçylaryň ýanyna getirdi.
15
Ýermeýa gaharlary gelen ýolbaşçylar, ony ýenjip, tussaghana taşladylar. Bu zyndan öň Ýonatan kätibiň öýüdi.
16
Ýermeýany zyndandaky çukura gabadylar, ol ençeme günläp, ol ýerde galdy.
17
Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi.
18
Ýermeýa ýene-de Sidkiýa patyşa şeýle diýdi: «Meni tussaghana salar ýaly, men saňa, hyzmatkärleriňdir bu halka garşy näme günä etdim?
19
„Babyl patyşasy siziň üstüňize, bu ýurduň üstüne çozmaz“ diýip, size welilik eden pygamberleriňiz hany nirede?
20
Indi maňa gulak goý, eý, jenabym patyşa! Bu haýyşymy berjaý etmegiňi towakga edýärin, meni gaýdyp Ýonatan kätibiň öýüne iberme, ol ýerde ölmäýin».
21
Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.
← Chapter 36
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 38 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50
51
52