bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Jeremiah 42
Jeremiah 42
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 41
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 43 →
1
Onsoň goşun serkerdeleri, Kareýanyň ogly Ýohanan, Hoşaýanyň ogly Ýezanýa we uludan-kiçä ähli halk golaýa gelip,
2
Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyşymyzy berjaý etmegiňi towakga edýäris, biziň üçin, bu aman galanlar üçin Hudaýyň Rebbe dileg et. Öz gözüň bilen görşüň ýaly, biz köpçülikdik, indi bolsa azalyp galdyk.
3
Nirä gitmelidigimizi, näme iş etmelidigimizi, goý, Hudaýyň Reb bize görkezsin».
4
Ýermeýa pygamber olara: «Bolýar, ine, aýdyşyňyz ýaly, men Hudaýyňyz Rebbe dileg ederin we Reb näme jogap berse, ony size aýan ederin. Sizden hiç zady ýaşyrmaryn» diýdi.
5
Olar Ýermeýa ýene şeýle diýdiler: «Eger Hudaýyň Rebbiň bize bildirmek üçin saňa aýan eden her bir sözüni ýerine ýetirmesek, goý, Rebbiň Özi bize garşy hakyky we wepaly şaýat bolsun.
6
Ýagşy bolsa-da, ýaman bolsa-da, seni ýanyna iberýän Hudaýymyz Rebbe gulak asarys. Işimiz oňuna bolar ýaly, biz Hudaýymyz Rebbe gulak asarys».
7
On günden soň, Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.
8
Onsoň ol Kareýanyň ogly Ýohanany, onuň bilen birlikde goşun serkerdelerini we uludan-kiçä tutuş halky çagyrdy.
9
Olara şeýle diýdi: «Dilegiňizi mälim etmegim üçin meni Ysraýyl Hudaýy Rebbiň huzuryna iberdiňiz. Ol hem şeýle diýýär:
10
„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.
11
Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb aýdýandyr. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin.
12
Men onuň size rehimi iner ýaly ederin, şonda onuň size haýpy gelip, sizi öz ýurduňyza iberer“.
13
Emma siz: „Biz bu ýurtda ýaşajak däl diýseňiz“ we Hudaýyňyz Rebbe gulak asman,
14
„Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz,
15
Rebbiň sözüni diňläň, eý, Ýahudanyň aman galanlary! Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger siz Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy karar etseňiz,
16
gorkýan gylyjyňyz ol ýerde yzyňyzdan ýeter, gorkýan açlygyňyz Müsürde siziň ýakaňyzdan ýapyşar we siz ol ýerde ölersiňiz.
17
Ornaşmak üçin Müsüre gitmegi karar eden her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Başlaryndan inderjek betbagtlygymdan hiç kim diri galmaz we hiç kim gaçyp gutulmaz“.
18
Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „ Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.
19
Eý, Ýahudanyň aman galanlary, Reb size: „Müsüre gitmäň“ diýip buýurdy. Bilip goýuň, bu gün muny size duýdurandyryn.
20
Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.
21
Men ony size bu gün habar berdim, emma Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen size aýdan sözleriniň hiç birine gulak asmadyňyz.
22
Indi bolsa bilip goýuň, gidip, ýaşajak bolýan ýeriňizde siz gylyçdan, açlykdan we mergiden ölersiňiz».
← Chapter 41
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 43 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50
51
52