bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Jeremiah 27
Jeremiah 27
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 26
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 28 →
1
Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Sidkiýanyň şalygynyň başlangyjynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.
2
Reb maňa şeýle diýdi: «Agaçdan bir boýuntyryk ýasap, tanap bilen ony boýnuňa dak.
3
Soňra Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň ýanyna gelen çaparlaryň üsti bilen Edom, Mowap, Ammon, Sur we Sidon patyşalaryna boýuntyryklar iber.
4
Çaparlara öz hojaýynlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Rebbiň şeýle diýýändigini buýur:
5
„Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin.
6
Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim.
7
Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.
8
Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men — Reb aýdýandyryn“.
9
„Şonuň üçin hem siz ‘Babyl patyşasyna gulluk etmäň’ diýýän pygamberleriňizi, palçylaryňyzy, düýş ýorujylaryňyzy, jadygöýleriňizi, müneçjimleriňizi diňlemäň.
10
Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi ýurduňyzdan aýryp, sürgün ederin we siz heläk bolarsyňyz.
11
Emma Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, oňa gulluk eden milleti öz topragynda goýaryn. Olar topragy bejerip, ol ýerde ýaşarlar. Muny Reb aýdýandyr“».
12
Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň.
13
Reb Babyl patyşasyna gulluk etmejek her bir milletiň öljekdigini aýtdy ahyryn. Näme, sen hem öz halkyň bilen gylyçdan, açlykdan, mergiden ölmekçimi?
14
Siz: „Babyl patyşasyna gulluk etmäň“ diýýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, çünki olar size ýalandan pygamberlik edýärler.
15
Olary Men ýollamadym, olar size Meniň adymdan galp pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi-de, size pygamberlik edýän bu pygamberleri-de kowup çykararyn, siziň baryňyz heläk bolarsyňyz. Muny Men — Reb aýdýandyryn».
16
Soňra men ruhanylara we tutuş halka Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendim: «Siz özüňize: „Rebbiň ybadathanasyndaky gap-gaçlar basym Babyldan yzyna getiriler“ diýýän pygamberleriňiziň sözlerini diňlemäň. Olar size ýalandan pygamberlik edýärler.
17
Olary diňlemäň, Babyl patyşasyna gulluk edip, diri galyň. Bu şäher näme üçin weýran bolsun?
18
Eger olar pygamber bolýan bolsalar, Rebbiň sözi olarda bolsa, onda Rebbiň ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan gap-gaçlar Babyla äkidilmesin diýip, Hökmürowan Rebbe ýalbarsynlar.
19
[19-20] Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa we Ýahudanyň, Iýerusalimiň begzadalaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkidende alyp gitmedik zatlary: sütünler, howuz, araba we beýleki gap-gaçlar bar. Hökmürowan Reb olar hakda söz açýar.
21
Hawa, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan şol gap-gaçlar hakda şeýle diýýär:
22
„Olar Babyla äkidiler, olara gaýtadan nazar saljak günüme çenli, şol ýerde galar. Onsoň Men olary çykaryp, bu ýere gaýtaryp getirerin.“ Muny Reb aýdýandyr».
← Chapter 26
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 28 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50
51
52