bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Jeremiah 52
Jeremiah 52
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 51
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
1
Sidkiýa patyşa bolanda, ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.
2
Sidkiýa hem Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
3
Rebbiň Iýerusalime we ýahuda halkyna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.
4
Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular.
5
Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy.
6
Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady.
7
Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler.
8
Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň ähli goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler.
9
Onsoň babyllylar patyşany tutup, Hamat ýurdundaky Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy.
10
Babyl patyşasy Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdi. Riblada Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny-da öldürdi.
11
Ol Sidkiýanyň gözlerini oýdurdy we zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdi. Ol ony ölýänçä zyndanda saklady.
12
Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi.
13
Nebuzaradon Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we Iýerusalimiň ähli jaýlaryny oda berdi, ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.
14
Babyllylaryň janpenalarynyň baştutany bilen gelen goşun Iýerusalimiň daş-töweregindäki diwarlaryň ählisini ýykdy.
15
Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň garyplaryny, şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we aman galan senetkärleri ýesir edip äkitdi.
16
Emma janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy.
17
Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler.
18
Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, pilçeleri, ätişgirleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki bürünç gap-gaçlaryň baryny alyp gitdiler.
19
Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi.
20
Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin ýasan iki sütüni, bir howzy we howzuň aşagyndaky on iki sany bürünç öküzi üçin sarp edilen bürünjiň agramy çäksizdi.
21
Bir sütüniň beýikligi on sekiz tirsekdi. Töwereginiň aýlawy on iki tirsekdi. Galyňlygy dört barmak bolup, içi boşdy.
22
Sütüniň depesinde-de bir sany bürünç täç bardy. Bir täjiň beýikligi bäş tirsekdi we täjiň daş-töweregine aýlanan narlardyr örme zynjyrlar hem tutuş bürünçden ýasalandy. Beýleki ikinji sütün-de narlar bilen bezelip, edil birinjä meňzeşdi.
23
Her hataryň töwereginde jemi ýüz nar bardy we ýerden diňe togsan altysy görnüp durdy.
24
Baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny janpenalaryň baştutany Babyla ýesir edip äkitdi.
25
Ol şäherde galan esgerleriň baştutany edip bellenen bir harby serkerdäni, şäherden tapylan patyşanyň ýedi sany maslahatçysyny, ýurduň ilatyny goşuna ýazýan serkerdäniň mürzesini we ýurduň ilatynyň altmyş sany baştutanyny alyp gitdi.
26
Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon olary tutup, Ribla galasyndaky Babyl patyşasynyň ýanyna getirdi.
27
Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.
28
Nebukadnesaryň ýesir edip getiren halky, ine, şulardan ybarat: patyşalygynyň ýedinji ýylynda üç müň ýigrimi üç ýahudany;
29
Nebukadnesaryň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda Iýerusalimden sekiz ýüz otuz iki adamy;
30
ýigrimi üçünji ýylynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýahudalardan ýedi ýüz kyrk bäş adamy ýesir edip äkitdi. Olar jemi dört müň alty ýüz adamdyr.
31
Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň sürgünliginiň otuz ýedinji ýylynda Ewilmerodak Babyla patyşa boldy. Ol şol ýylyň on ikinji aýynyň ýigrimi bäşinde Ýahuda patyşasy Ýehoýakyna ýagşylyk edip, ony tussaglykdan boşatdy.
32
Ol Ýehoýakyn bilen mähirli söhbet etdi we ony Babyla sürgün edilen beýleki şalardan ileri tutdy.
33
Şeýdip, Ýehoýakyn tussaglykdaky geýimlerini çykardy. Ol galan ömrüniň ähli günlerinde patyşanyň saçagyndan naharlandy.
34
Onuň gündelik eklenji tä ölýänçä Babyl patyşasy tarapyndan berildi.
← Chapter 51
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50
51
52