bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Jeremiah 34
Jeremiah 34
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 33
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 35 →
1
Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi:
2
Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: «Git-de, Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýüzlenip, oňa Reb şeýle diýýär diý: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony oda ýakar.
3
Sen, Sidkiýa, onuň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, adamlar seni tutup, onuň eline tabşyrarlar. Babyl patyşasyny öz gözleriň bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşersiň. Soňra Babyla äkidilersiň.
4
Ýöne, eý, Ýahuda patyşasy Sidkiýa, Rebbiň sözüni eşit! Reb seniň gylyçdan ölmejikdigiňi aýdýar.
5
Sen sag-salamatlykda ölersiň. Senden öň patyşa bolan ata-babalaryň üçin hoşboý ysly tütetgiler ýakyşlary ýaly, seniň üçin-de muny ýakarlar we saňa: ‘Waý, aga!’ diýip aglaşarlar. Çünki muny Men — Reb aýdýandyryn“».
6
Şeýdip, Ýermeýa pygamber bu sözleriň baryny Iýerusalimde Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýetirdi.
7
Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimiň garşysyna we Ýahudanyň entek ele salynmadyk galalarynyň: Lakyşyň we Azekanyň garşysyna urşup ýördi. Ýahudanyň berk galalaryndan diňe şular galypdy.
8
Sidkiýa patyşa Iýerusalimdäki ähli halk bilen äht baglaşyp, gullara azatlyk yglan edeninden soň, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.
9
Bu ähte görä her kim öz ýewreý guluny we gyrnagyny azat etmelidi, olaryň hiç biri başga bir ýahudylyny gul etmeli däldi.
10
Ähli ýolbaşçylar bilen tutuş halk bu ähte gulak asdylar. Her kim öz guluny we gyrnagyny azat etmek, mundan beýläk olary gul etmezlik ähti boýunça hereket etdiler. Olar muňa boýun bolup, olary azatlyga goýberdiler.
11
Emma soňra sözlerinden dänip, azat eden gullaryny we gyrnaklaryny yzlaryna getirdiler, olary ýene-de zor bilen gul we gyrnak etdiler.
12
Şonda Ýermeýa Rebbiň sözi gelip,
13
Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýdi: «Men ata-babalaryňyzy Müsür ýurdundan, ýagny gul bolup ýaşan ýurdundan çykaran günüm olar bilen äht baglaşyp, şeýle diýipdim:
14
„Özlerini gul edip satyp, size alty ýyl gulluk eden ýewreý doganyňyzy ýedinji ýylda azatlyga goýberiň“. Ýöne siziň ata-babalaryňyz Meni diňlemediler, gulak asmadylar.
15
Indi bolsa siz toba edip, Meniň nazarymda dogry işleri etdiňiz. Her biriňiz öz ýewreý doganyňyzyň azatlygyny yglan etdiňiz. Huzurymda, adym dakylan öýde bu barada äht baglaşdyňyz.
16
Emma soňra sözüňizden dänip, Meniň adyma ysnat getirdiňiz. Öz islän ýerlerine giden guldur gyrnagy ähliňiz yzyna getirdiňiz, olary ýene-de zor bilen gul we gyrnak edindiňiz.
17
Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Gul bolan öz garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy boşatmak barada siz Maňa gulak asmadyňyz. Indi Men-de sizi gylyç, mergi, açlyk belalaryndan goramakdan boş. Sizi dünýäniň ähli patyşalyklary üçin howpa döndererin. Muny Reb aýdýandyr.
18
Äht baglaşylanda göläni ikä bölüp, onuň bölekleriniň arasyndan geçýärler. Men hem ähtimi bozup, huzurymda baglaşylan ähtiň şertlerini berjaý etmedikleri edil şol göle kimin ikä bölerin.
19
Göläniň bölekleriniň arasyndan geçen Ýahuda bilen Iýerusalim ýolbaşçylaryny, köşk emeldarlaryny, ruhanylary we ýurduň tutuş halkyny
20
janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.
21
Ýahuda patyşasy Sidkiýany öz emeldarlary bilen birlikde janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline, sizden häzirlikçe yza çekilen Babyl patyşasynyň goşunynyň eline bererin.
22
Men buýruk berip, babyllylary bu şähere gaýtaryp getirerin. Olar şähere garşy hüjüm edip, ony basyp alarlar we oda ýakarlar. Men Ýahuda şäherlerini ilatsyz harabaçylyga öwrerin“. Muny Reb aýdýandyr».
← Chapter 33
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 35 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50
51
52