bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Jeremiah 22
Jeremiah 22
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 23 →
1
Onsoň Reb maňa Ýahuda patyşasynyň öýüne bar-da, ol ýerde şu sözi aýan et diýdi:
2
«Eý, Dawut tagtynda oturan Ýahuda patyşasy, seniň özüň, emeldarlaryň we bu derwezeden girýän halkyň bilen birlikde Rebbiň sözüni eşidiň!
3
Reb şeýle diýýär: „Adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň, ezileni zalymyň elinden halas ediň; gelmişege, ýetim bilen dul aýala azar bermäň, zorluk etmäň, bu ýerde nähak gan dökmäň.
4
Eger siz bu işi hakykatdan etseňiz, onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar atlara we söweş arabalara münüp, olaryň özleri, hyzmatkärleri hem halky bu öýüň derwezelerinden girerler.
5
Eger-de bu sözleri diňlemeseňiz, Öz barlygymdan ant içýärin, bu öý haraba döner. Muny Reb aýdýandyr“.
6
Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.
7
Garşyňa elleri ýaragly heläkleýjileri bellärin. Olar saýlama kedrleriňi çapyp, olary oda atarlar.
8
Köp milletler bu şäheriň ýanyndan geçende, biri-birine: ‘Bu beýik şäheri Reb näme üçin beýtdikä?’ diýerler.
9
Olara şeýle jogap bererler: ‘Olar özleriniň Hudaýy Rebbiň ähtini terk etdiler, başga hudaýlara sežde we gulluk etdiler’“.
10
Ölen üçin aglaman, oňa ýas tutman, eýsem sürgüne giden üçin zar-zar aglaň, çünki ol indi öwrülip gelmez, dogduk mekanyny görmez.
11
Kakasy Ýoşyýanyň ýerine Ýahudanyň patyşasy bolan we ol ýerden çykyp gaýdan Şallum hakynda Reb şeýle diýýär: „Ol bu ýere indi öwrülip gelmez.
12
Ýesir edilip äkidilen ýerinde öler we bu ýurdy gaýdyp görmez“.
13
Öýüni nädogrulyk bilen gurýanyň, eýwanyny adalatsyzlyk bilen giňeldýäniň, başga birini mugt işledip, onuň hakyny bermeýäniň dat gününe!
14
„Özüme ýokarky gatda giň otaglary bolan ajaýyp köşk salnaryn“ diýýäniň halyna waý! Ol köşgüne beýik penjireler goýar, kedr agajy bilen örtüp, ony gyrmyzy reňke boýar.
15
Kedr agajyny başgalardan köp ulananyň bilen näme, patyşa bolaýarmyň? Ataň hem doýýança bol iýip-içýärdi, ýöne ol adalatlydy hem dogruçyldy. Şonuň üçinem onuň işleri ugruna boldy.
16
Ol garybyň, mätäjiň hakyny alyp berdi; munuň üçin onuňky ugruna boldy. Bu Meni tanamagyň manysy dälmidir? Muny Reb aýdýandyr.
17
Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.
18
Munuň üçin Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym hakda Reb şeýle diýýär: „Onuň üçin: ‘Waý, gardaşym!’ ýa-da ‘Waý, jigerim!’ diýip ýas tutmazlar. ‘Waý, aga!’ ýa-da ‘Waý, onuň alyhezretleri!’ diýip, onuň üçin ýas tutup aglamazlar.
19
Maslygyny süýräp, Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar, eşek gömen ýaly edip gömerler“.
20
Liwana çyk-da, perýat et. Başanda sesiňi gatalt, Abarymdan perýat et, çünki ähli oýnaşlaryň gyryldy.
21
Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň.
22
Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider, oýnaşlaryň sürgün ediler. Şonda eden pislikleriňden ýaňa, utanja galyp, bolarsyň ryswa.
23
Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!
24
Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men — Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.
25
Seni janyňyň kastyndakylaryň, gorkýan adamlaryňyň eline, Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen babyllylaryň eline bererin.
26
Sen bilen seni dogran ejeňi özüňiziň dogulmadyk ýeriňiz bolan başga ýurda zyňaryn, şol ýerde-de ölersiňiz.
27
Siziň şu ýurda ýene dolanasyňyz geler, ýöne oňa hiç wagt ýüzüňiz düşmez».
28
Bu Ýehoýakyn diýen adam äsgerilmeýän döwük küýze bolup, hiç kime gerekmejek gapdyr. Ol nesli bilen birlikde özleriniň tanamaýan ýurduna taşlandy.
29
Eý, ýurt, ýurt, ýurt! Rebbiň sözüni eşit!
30
Reb şeýle diýýär: «Bu adamy zürýatsyz, ömründe işi oňuna bolmajak adam diýip ýazyň. Çünki indi onuň neslinden hiç kimiň işi oňuna bolmaz, hiç biri Dawut tagtynda oturmaz we Ýahudada höküm sürmez».
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 23 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50
51
52