bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Jeremiah 20
Jeremiah 20
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 21 →
1
Rebbiň öýüniň baş gözegçisi Immeriň ogly Paşhur ruhany Ýermeýanyň bu sözleri pygamberlik edenini eşitdi.
2
Onsoň Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Rebbiň öýündäki ýokarky Benýamin derwezesinde aýaklaryna künde saldy.
3
Ertesi säher bilen Paşhur Ýermeýany kündeden boşadanda, Ýermeýa oňa şeýle diýdi: « Reb seni Paşhur däl-de, Magor Misabyp diýip atlandyrdy.
4
Çünki Reb şeýle diýýär: „Men seniň özüňi we dost-ýarlaryň baryny howp astyna salaryn. Olaryň duşman gylyjyndan heläk bolşuny öz gözleriň bilen görersiň. Men tutuş Ýahudany Babyl patyşasynyň eline bererin. Bu patyşa olary Babyla äkider we gylyçdan geçirer.
5
Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler.
6
Eý, Paşhur, sen bilen seniň öýüňde ýaşaýanlaryň bary Babyla sürgün ediler. Sen-de, seni söýýänler-de, ýagny seniň ýalandan pygamberlik eden adamlaryň-da şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanarsyňyz“».
7
Ýa Reb, Sen meni aldadyň, men-de aldandym. Sen menden güýçlüsiň, Sen meni ýeňdiň. Bütin gün men boldum gülki, ýaňsylaýar her kim meni.
8
Çünki geplesem, perýat edýärin, «Zorluk we zulum!» diýip gygyrýaryn. Rebbiň sözünden ýaňa bütin gün kemsidildim we masgara boldum.
9
Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.
10
Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.
11
Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.
12
Eý, Hökmürowan Reb, dogry adamlary synaýan, ýürekleri görýän we pikirleri okaýan Sensiň! Dawamy Saňa mälim edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!
13
Rebbe nagma aýdyň, Rebbe alkyş okaň! Çünki garybyň janyny ýaramazlaryň elinden Ol halas etdi.
14
Meniň doglan günüme nälet bolsun! Enemiň meni dogran gününe alkyş bolmasyn!
15
«Ogluň boldy!» diýip, kakamy begendiren buşlukça nälet bolsun!
16
Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman ýumran şäherleri kimin bolsun! Säher dady-perýat, günortan ahy-nala eşidilsin!
17
Çünki ol adam ýatgydakam öldürmedi, ýogsam enem meniň mazarym bolardy, onuň ýatgysy ebedilik göwreli bolardy.
18
Men näme üçin eneden doguldymkam? Gaýgy-hasrat çekip, ömrümi ryswalykda geçirmek üçinmi?
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 51
Chapter 52
Chapter 21 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50
51
52