bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 1
2 Chronicles 1
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 2 →
1
Dawudyň ogly Süleýman öz patyşalygyny berkitdi. Hudaýy Reb onuň bilen bolup, ony juda beýgeltdi.
2
Süleýman tutuş Ysraýyly: müňbaşylary, ýüzbaşylary, kazylary, Ysraýylyň ähli baştutanlaryny we urugbaşylary çagyrdy.
3
Onsoň Süleýman ýanyndaky bütin jemagat bilen Gibgondaky seždegähe gitdiler. Rebbiň guly Musanyň çölde guran Hudaýa ýüz tutulýan çadyry şol ýerdedi.
4
Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan Iýerusalime onuň üçin taýýarlan çadyryna getiripdi.
5
Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleliň bürünçden ýasan gurbanlyk sypasy bolsa Gibgonda Rebbiň mukaddes çadyrynyň öňündedi. Şoňa görä Süleýman bilen jemagat ol ýere Rebden maslahat soramaga gitdiler.
6
Süleýman ol ýerde Rebbiň huzurynda mukaddes çadyrdaky bürünçden bolan gurbanlyk sypasyna gelip, onda müň sany ýakma gurbanlygyny hödürledi.
7
Şol gije Hudaý Süleýmana görnüp, oňa: «Dile, dilän zadyňy bereýin» diýdi.
8
Süleýman Hudaýa şeýle jogap berdi: «Sen meniň kakam Dawuda beýik, sadyk söýgiňi görkezip, meni onuň ýerine patyşa etdiň.
9
Ýa Hudaýymyz Reb, goý, indi kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn, çünki Sen meni ýeriň tozy ýaly san-sajaksyz bolan bir halkyň üstünden patyşa etdiň.
10
Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?»
11
[11-12] Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Kalbyňda şu islegiň bardygy üçin, özüňe mal-mülk, baýlyk, at-abraý ýa öz duşmanlaryňyň ölümini ýa-da özüň üçin uzak ömür dilemän, eýsem üstünden patyşalyga bellän halkymy dolandyrmaga özüňe pähim-paýhas we düşünje diländigiň üçin, Men saňa paýhas we düşünje berýärin. Şeýle hem Men saňa senden öň hiç kimde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolmajak baýlyk, mal-mülk we at-abraý bererin».
13
Şeýdip, Süleýman Gibgondaky seždegähden, Rebbiň mukaddes çadyryndan Iýerusalime gelip, Ysraýyla patyşalyk etdi.
14
Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady. Onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgeri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.
15
Patyşa Iýerusalimde kümüş bilen altyny daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi.
16
Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar.
17
Müsürden getirilýän söweş arabasynyň her biri on ýedi gadak töweregi kümşe, her bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alyndy. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy.
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 2 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36