bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 34
2 Chronicles 34
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 33
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 35 →
1
Ýoşyýa patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi.
2
Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.
3
Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi seždegählerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady.
4
Ýoşyýanyň öňünde Bagal butlarynyň gurbanlyk sypalaryny ýykdylar; olaryň ýokarsynda bolan ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýumurdylar; Aşera butlaryny, oýma we guýma butlaryny-da bölek-bölek edip, küle öwrüp, ony şu butlara gurbanlyk berenleriň gabyrlaryna sepelediler.
5
Şeýle hem, Ýoşyýa ruhanylaryň süňklerini öz gurbanlyk berilýän sypalarynda ýakyp, Ýahudany we Iýerusalimi arassalady.
6
[6-7] Ýoşyýa Manaşa, Efraýym, Şimgon, hatda Naftala çenli bolan şäherlerdäki, olaryň töwereklerindäki harabalyklardaky gurbanlyk sypalaryny ýykdy. Aşera butlaryny we beýleki butlary döwüp kül etdi, bütin Ysraýyldaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýykdy. Soňra ol Iýerusalime dolanyp geldi.
8
Patyşalygynyň on sekizinji ýylynda ýurdy we öýi arassalanlaryndan soň, Ýoşyýa patyşa Asalýanyň ogly Şapany, şäher häkimi Magaseýany we Ýowahazyň ogly baş emeldar Ýowany özleriniň Hudaýy Rebbiň öýüni bejermäge iberdi.
9
Olar baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna gelip, Hudaýyň öýüne getirilen kümüşleri oňa berdiler. Derwezeban lewiler bu kümüşleri günbatardaky manaşa we efraýym halklaryndan, galan ähli ysraýyl halkyndan, bütin ýahudadan we benýaminden, Iýerusalim ilatyndan ýygnapdy.
10
Olar kümşi Rebbiň öýüni dikeltmek işine bellenen gözegçileriň we Rebbiň öýüni bejerýän işçilere berdiler.
11
Olar kümşi ýonulan daşlar, agaçlar we Ýahuda patyşalarynyň haraba eden jaýlary üçin pürsler satyn almak üçin agaç we daş ussalaryna berdiler.
12
[12-13] Bu adamlar işi çyn ýürekden ýerine ýetirýärdiler. Merarynyň neslinden bolan lewi Ýahat bilen Abadýa, Kohadyň neslinden bolan Zakarýa we Meşullam dagylar bularyň üstünden baştutanlyga bellenipdiler. Saz gurallaryna ökde bolan beýleki ähli lewiler ýük daşaýanlara we dürli hyzmatda işleýänlere baştutanlyk etdiler. Mürzeler, gözegçiler we derwezebanlar hem lewilerdendi.
14
Rebbiň öýüne getirilen kümşi çykaryp ýörkäler, ruhany Hilkiýa Musanyň üsti bilen berlen Töwradyny tapdy.
15
Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünde Töwradyny tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby Şapana berdi.
16
[16-17] Onsoň Şapan mürze patyşanyň ýanyna gelip, oňa kitaby berdi we oňa: «Gullaryň özlerine tabşyrylan bar işi edip ýörler. Olar Rebbiň öýündäki bar kümşi alyp, ony öý işine bellenen baştutanlaryň we işçileriň eline beripdirler» diýip, bar zady patyşa habar berdi.
18
Şapan mürze patyşa: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň Şapan kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi.
19
Patyşa Töwradyň sözlerini eşidende, ýakasyny ýyrtdy.
20
Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Abdona, Şapan mürzä we patyşanyň hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi:
21
«Baryň-da, meniň üçin Ysraýylda hem Ýahudada galanlar üçin bu tapylan kitapdaky aýdylýan sözler barada Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitapda ýazylan ähli sözlere görä Rebbiň sözüni berjaý etmediler».
22
Şeýdip, Hilkiýa ruhany we patyşanyň onuň bilen iberen adamlary Hulda atly aýal pygamberiň ýanyna gelip, oňa bu barada gürrüň berdiler. Hulda eşik sakçysy Hasranyň agtygy, Tokadyň ogly Şallumyň aýalydy, ol Iýerusalimiň täze bölüminde ýaşaýardy.
23
Hulda olara: « Ysraýyl Hudaýy Reb sizi meniň ýanyma iberen adama şeýle diýýär:
24
„Men Ýahuda patyşasynyň öňünde okalan bu kitapda ýazylan ähli lagnatlara görä, hökman bu ýeriň we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyndan betbagtçylyk indererin.
25
Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin, Meniň bulara garşy gaharym tutaşar, ol hiç haçan sönmez“.
26
Emma Ysraýyl Hudaýy Reb Özünden soramak üçin şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna onuň eşiden sözleri barada şeýle diýýär:
27
„Meniň bu ýere we onuň ilatyna garşy aýdan sözlerimi eşideniňden soň, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Hudaýyň öňünde kiçeltdiň, ýakaňy ýyrtyp, huzurymda dady-perýat etdiň. Şonuň üçin hem, Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men — Reb aýdýandyryn.
28
Men seni atalaryň ýanyna ýygnaryn, sen-de asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler.
29
Onsoň Ýoşyýa patyşa adam iberip, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularynyň baryny öz ýanyna ýygnady.
30
Ýoşyýa patyşa, tutuş ýahuda halky, Iýerusalimiň bar ilaty, ruhanylar, lewiler, uludan-kiçä ähli halk bilen bile Rebbiň öýüne gitdiler. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi.
31
Ýoşyýa patyşa öz ýerinde durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu kitapda ýazylan äht barada aýdylan sözleri berjaý etjekdigi hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi.
32
Ýoşyýa Iýerusalimde we Benýaminde bolanlaryň baryna bu ähti saklajakdyklary barada kasam etdirdi. Iýerusalimiň ilaty Hudaýyň, atalarynyň Hudaýynyň ähtine görä hereket etdiler.
33
Ýoşyýa Ysraýyl topragyndaky ysraýyllara degişli bolan ýigrenji zatlaryň baryny ýok edip, Ysraýylda bolanlaryň hemmesine özleriniň Hudaýy Rebbe ybadat etmekligi buýurdy. Ýoşyýanyň ýaşan döwründe olar atalarynyň Hudaýy Rebbiň ýoluna eýermekden dönmediler.
← Chapter 33
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 35 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36