bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 3
2 Chronicles 3
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 4 →
1
Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri — ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady.
2
Süleýman patyşalygynyň dördünji ýylynyň ikinji aýynyň ikisi güni öýüň gurluşygyna başlady.
3
Süleýman patyşanyň Hudaý üçin guran öýüniň uzynlygy öňki ölçeg boýunça altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsekdi.
4
Öýüň öňündäki eýwanyň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsekdi; onuň beýikligi bir ýüz ýigrimi tirsekdi. Süleýman onuň iç tarapyny sap altyna gaplady.
5
Ol uly otagy serwi agajy bilen örtüp, ony sap altyna gaplady we onuň üstüne palma agajynyň hem-de zynjyryň nagşyny saldy.
6
Süleýman öýi owadan, gymmatbaha daşlar bilen bezedi. Altyn Parwaýymdan getirilipdi.
7
Şeýdip, ol öýe, onuň pürslerine, gapy bosagalaryna, diwarlaryna altyn çaýdy. Ol diwarlara oýup, keruplaryň şekilini çekdi.
8
Süleýman iň mukaddes otagy-da gurdy; onuň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsek, ini hem ýigrimi tirsekdi; ol mukaddes otagy dokuz ýüz batman sap altyna gaplady.
9
Altyn çüýleriň agramy bir ýarym gadak töweregidi. Süleýman ýokarky otaglary-da altyna gaplady.
10
Süleýman iň mukaddes otagda iki kerubyň heýkelini ýasap, olary altyna gaplady.
11
Keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy ýigrimi tirsekdi. Bir kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol beýleki kerubyň ganatyna degýärdi.
12
Ikinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň beýleki diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol birinji kerubyň ganatyna degýärdi.
13
Bu keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy jemi ýigrimi tirsekdi. Keruplar uly otaga tarap seredip, aýaklarynyň üstünde durdular.
14
Süleýman tutyny gök, goýy gyrmyzy, al ýüpeklerden we nepis zygyr matadan etdi, ýüzüne keruplaryň nagşyny saldy.
15
Ol öýüň öňünde beýikligi otuz bäş tirsek bolan iki sany sütün ýasady. Her sütüniň ýokarsynda bäş tirsek bolan täç bardy.
16
Tor şekilli örme zynjyrlar ýasalyp, her sütüniň depesi olar bilen bezelendi. Süleýman ýüz sany nar ýasap, olary zynjyrlaryň üstünde goýdy.
17
Ol sütünleri öýüň öňünde dikdi. Ol günortada sütün dikip, ony Ýakin diýip atlandyrdy. Beýlekisini demirgazykda dikip, ony Bowaz diýip atlandyrdy.
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 4 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36