bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 24
2 Chronicles 24
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 23
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 25 →
1
Ýowaş patyşalyk edip başlanda ýedi ýaşyndady. Ol kyrk ýyllap Iýerusalimde patyşalyk etdi. Onuň ejesi Beýerşebadan bolup, ady Sibýady.
2
Ýowaş Ýehoýada ruhanynyň bütin ömrüne Rebbiň nazarynda dogry işlerini etdi.
3
Ýehoýada Ýowaşa iki aýal alyp berdi; Ýowaş olardan ogullardyr gyzlar gördi.
4
Mundan soň Ýowaş Rebbiň öýüni dikeltmegi ýüregine düwdi.
5
Ýowaş ruhanylary we lewileri ýygnap, olara şeýle diýdi: «Ýahudanyň şäherlerine gidiň-de, Hudaýyňyzyň öýüni her ýyl bejermek üçin bütin ysraýyl halkyndan pul toplaň. Bu işi dessine ýerine ýetiriň». Emma lewiler howlukmadylar.
6
Şeýdip, Ýowaş patyşa Ýehoýada baştutany çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Rebbiň guly Musanyň ysraýyl halkyna Äht çadyry üçin salan salgydyny Ýahudadan we Iýerusalimden getirmekligi lewilerden talap etmediň?»
7
Pis aýal Atalýanyň ogullary Hudaýyň öýüne urup girip, Rebbiň öýündäki mukaddes zatlary Bagal butlaryna sežde etmekde ulanypdylar.
8
Patyşa sandyk ýasamagy buýurdy. Sandygy ýasap, ony Rebbiň öýüniň derwezesiniň agzynda goýdular.
9
Hudaýyň guly Musanyň çölde ysraýyl halkyna salan salgydynyň Reb üçin getirilmelidigi Ýahudada we Iýerusalimde yglan edildi.
10
Ähli baştutanlar we bütin halk şadyhorramlyk bilen salgytlaryny getirip, tä sandyk dolýança, oňa atdylar.
11
Lewiler sandygy patyşanyň emeldarlaryna getirip berenlerinde, onuň içinde köp puluň toplanandygyny görýärdiler. Patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, sandygy boşadyp, ony äkidip öz ýerinde goýýardylar. Olar her gün şeýle edip, gaty köp pul topladylar.
12
Patyşa we Ýehoýada puly Rebbiň öýünde işleýän işçilere gözegçilik edýän adamlara berdiler. Olar hem şol puldan neçjarlara, ussalara, şeýle hem, demir we bürünç ussalaryna Rebbiň öýüni bejermek üçin iş hakyny tölediler.
13
Gözegçiler öz işlerini etdiler. Olaryň bejeriş işleri rowaç aldy. Olar Hudaýyň öýüni öňki halyna getirip, ony berkitdiler.
14
Olar işi tamamlanlaryndan soň, galan puly patyşa we Ýehoýada ruhana getirip berdiler. Galan puldan Rebbiň öýi üçin enjamlary, hyzmat üçin we ýakma gurbanlyk bermek üçin enjamlar, jamlar, altyn we kümüş esbaplar ýasadylar. Olar Ýehoýadanyň ömrüniň dowamynda hemişe Rebbiň öýünde ýakma gurbanlyklar hödür etdiler.
15
Ýehoýada garrap, ýaşy birçene ýetip, bir ýüz otuz ýaşynda dünýäden ötdi.
16
Ýehoýadany Ysraýylda Hudaý we Onuň öýi üçin eden gowy işleri sebäpli Dawut galasynda patyşalaryň ýanynda jaýladylar.
17
Ýehoýada ölenden soň, Ýahudanyň baştutanlary gelip, patyşa tagzym etdiler. Patyşa olara gulak asdy.
18
Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Aşera we beýleki butlara gulluk etdiler. Olaryň bu günäleri sebäpli Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Hudaýyň gazaby indi.
19
Reb olary Özüne tarap öwürmek üçin olaryň arasyna pygamberler iberdi. Pygamberler olaryň garşysyna şaýatlyk etdiler, ýöne olar gulak asmadylar.
20
Onsoň Ýehoýada ruhanynyň ogly Zakarýanyň üstüne Hudaýyň Ruhy indi. Zekarýa halkyň öňünde dik durup, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Näme üçin Rebbiň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz? Siziň işiňiz rowaç almaz. Rebbi terk edendigiňiz üçin, Ol hem sizi terk etdi“».
21
Emma halk Zekarýanyň garşysyna dil düwşüp, ony patyşanyň tabşyrygy bilen Rebbiň öýüniň howlusynda daşlap öldürdi.
22
Patyşa Ýowaş Zekarýanyň kakasy Ýehoýadanyň özüne eden ýagşylyklaryny ýatlaman, onuň ogluny öldürdi. Zekarýa ölmeziniň öň ýanynda: «Reb muny görüp, hasabyny sorasyn!» diýdi.
23
Ýylyň ahyrynda Siriýa goşuny Ýowaşyň garşysyna çykdy. Olar Ýahuda we Iýerusalime gelip, halkyň baştutanlarynyň baryny ýok etdiler. Olardan alnan ähli oljany Damaskdaky patyşa iberdiler.
24
Siriýalylaryň goşuny az hem bolsa, Reb Ýahudanyň uly goşunyny olaryň eline berdi, çünki Ýahudanyň halky ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler. Şeýdip, olar Ýowaşy jezalandyrdylar.
25
Siriýalylar Ýowaşa agyr ýara salyp, onuň ýanyndan gidenlerinden soň, Ýowaşyň öz nökerleri Ýehoýada ruhanynyň oglunyň gany üçin ar almaga onuň garşysyna dildüwşük gurap, ony düşeginde öldürdiler. Şeýdip, Ýowaş öldi. Ýowaşy Dawut galasynda jaýladylar, ýöne ony patyşalaryň ýanynda jaýlamadylar.
26
Ýowaşyň garşysyna dildüwşük guranlar: ammonly Şimgat atly aýalyň ogly Zabat, mowaply aýal Şimritiň ogly Ýehozabatdy.
27
Ýowaşyň ogullary, Ýowaşa garşy edilen köp çykyşlar we Hudaýyň öýüniň täze gurluşygy patyşalaryň taryh kitabynda ýazylandyr. Ýowaşyň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.
← Chapter 23
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 25 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36