bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 2
2 Chronicles 2
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 3 →
1
Süleýman Rebbe ybadat öýüni we özüne köşk gurmak kararyna geldi.
2
Ol dagda ýetmiş müň sany hammaly, segsen müň sany daş ýonujyny we olaryň üstünden gözegçilik eder ýaly üç müň alty ýüz sany adamy toplady.
3
Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.
4
Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, gündeki hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr.
5
Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar.
6
Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Ony hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär! Onsoň Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.
7
Ýahudada we Iýerusalimde öz ýanymdaky kakam Dawudyň taýýarlan ökde ussalary bilen işlär ýaly maňa altyn, kümüş, bürünç, demir işlerine, goýy badam, gyrmyzy we gök ýüplük boýaglaryna, şeýle hem oýma işlerine ussat hünärment ibermegiňi towakga edýärin.
8
[8-9] Maňa ýene Liwandan kedr, serwi we sandal agaçlaryny iber. Men seniň işçileriňiň Liwanda agaç kesmäge ussatdyklaryny bilýärin. Maňa bol agaç taýýarlamak üçin meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Meniň gurjak öýüm juda uly we gözel bolar.
10
Ine, men seniň agaç kesýän işçileriňe kyrk müň çuwal üwelen bugdaý, kyrk müň çuwal arpa, ýedi müň hum şerap we ýedi müň hum zeýtun ýagyny bererin».
11
Onsoň Sur patyşasy Huram Süleýmana hat üsti bilen jogap gaýtardy: « Reb Öz halkyny söýensoň, seni olaryň üstünden patyşa goýdy».
12
Huram sözüni şeýle dowam etdi: «Gögi we ýeri ýaradan Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Reb Dawut patyşa pähim-paýhasdan we düşünjeden doly akylly ogul berdi. Şol ogul Rebbe öý we özüne köşk gurar.
13
Men saňa Huramaby atly ökde we düşünjeli bir ussany ýollaýaryn.
14
Onuň ejesi danlardan bolup, kakasy hem surludy. Huramaby altyn, kümüş, bürünç, demir, daş, agaç işlerine ökdedir. Ol badam, gök, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr matalary bilen hem işläp bilýär. Şeýle-de ol oýma işlerine we özüne berlen islendik nusga bilen işlemäge ökdedir. Ol seniň ussalaryň we jenabym — kakaň Dawudyň ussalary bilen işlär.
15
Indi, goý, jenabym wada beren bugdaýyny, arpasyny, zeýtun ýagyny we şerabyny öz gullaryna ibersin.
16
Biz saňa Liwandan näçe agaç gerek bolsa kesip, olary bogup, Ýafo deňziniň üsti bilen akdyryp getireris; sen-de ony Iýerusalime äkidersiň».
17
Onsoň Süleýman kakasy Dawudyň hasaba alşy ýaly, Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň baryny hasaba aldy. Gelmişekleriň sany bir ýüz elli üç müň alty ýüz boldy.
18
Süleýman olardan ýetmiş müň adamy ýük daşamaga, segsen müň adamy dagda daş ýonmaga, üç müň alty ýüz adamy-da işgärlere gözegçilige belledi.
← Chapter 1
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 3 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36