bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 16
2 Chronicles 16
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 17 →
1
Asanyň patyşalygynyň otuz altynjy ýylynda Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi.
2
Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalaryndan kümüşdir altyn alyp, olary Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi.
3
Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen gidip, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn».
4
Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelmaýymy, Naftalynyň ähli ammar galalaryny basyp aldy.
5
Bagşa muny eşidende, Rama galasyny berkitmekden el çekip, işini togtatdy.
6
Soňra Asa patyşa ýahuda halkynyň baryny toplady. Olar Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitdiler. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Geba we Mispa galalaryny berkitdi.
7
Şol wagt görgür Hanany Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Hudaýyň Rebbe bil baglaman, Siriýa patyşasyna bil baglanyň üçin Siriýa patyşasynyň goşuny seniň eliňden gaçyp gutuldy.
8
Efiopiýalylar we liwiýalylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly esgerleri bolan goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi.
9
Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».
10
Onsoň Asa Hanany görgüre gaharlanyp, ony zynjyrlap zyndana saldy, çünki Asa munuň üçin oňa gazaplanypdy.
11
Asanyň başdan-aýaga çenli eden ähli işleri barada Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
12
Emma Asanyň patyşalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda ol aýakdan dert çekdi Onuň aýak agyrysy gitdigiçe agyrlaşsa-da, ol Rebden medet dilemän, lukmanlardan medet gözledi.
13
Asa patyşalygynyň kyrk birinji ýylynda ata-babalaryna gowuşdy.
14
Asany Dawut galasynda özi üçin gazyp goýan mazarynda jaýladylar. Ony bir ussat tarapyndan taýýarlanan her hili hoşboý ysly zatlardan doldurylan tabytda goýdular. Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyldy.
← Chapter 15
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 17 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36