bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 33
2 Chronicles 33
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 32
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 34 →
1
Manaşa patyşa bolanda on iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli bäş ýyl patyşalyk etdi.
2
Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi
3
Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýykan seždegählerini täzeden dikeltdi. Ol Bagal buty üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimine sežde edip, şolara gulluk etdi.
4
Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.
5
Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimi üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.
6
Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.
7
Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.
8
Eger olar Meniň ähli tabşyryklarymy, gulum Musanyň üsti bilen özlerine buýran ähli zatlarymy edip, kanunlarymy, parzlarymy we hökümlerimi berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi.
9
Manaşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem has köp pis işleri etdiler.
10
Reb Manaşa we onuň halkyna sözledi, emma olar Rebbe gulak asmadylar.
11
Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.
12
Manaşa muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi.
13
Manaşa Hudaýa dileg etdi, Hudaý -da onuň dilegini kabul edip, nalyşyny eşidip, ony ýene-de Iýerusalime, öz patyşalygyna getirdi. Onsoň Manaşa Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bildi.
14
Şondan soň, ol Gihonyň günbatarynda, deredäki Balyk derwezesindäki girelgä çenli bolan Dawut galasynyň daşky diwaryny gurdy. Manaşa diwary Ofeliň daşyndan aýlap, has beýgeltdi. Ol şeýle hem Ýahudanyň ähli galalarynda goşun serkerdelerini goýdy.
15
Manaşa keseki taňrylary we öz goýan oýma butuny Rebbiň öýünden aýyrdy, Rebbiň öýüniň dagyndaky we Iýerusalimdäki ähli gurbanlyk sypalaryny ýumrup, olaryň hemmesini şäheriň daşyna taşlady.
16
Manaşa Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikip, onda salamatlyk we şükür gurbanlyklaryny hödür etdi. Ol ýahuda halkyna Ysraýyl Hudaýy Rebbe hyzmat etmekligi tabşyrdy.
17
Halk entegem seždegählerde gurbanlyk hödür edýärdi, emma olar diňe öz Hudaýy Rebbe gurbanlyk hödürleýärdiler.
18
Manaşanyň galan işleri we onuň eden dilegleri şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan sözlän görgüriň sözleri barada Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
19
Manaşanyň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr. Şeýle-de bu kitapda Manaşa özüni Hudaýyň öňünde peseltmezden öň guran seždegähleri, Aşera we beýlekilere diken butlary barada ýazylandyr.
20
Manaşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgünde jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy.
21
Amon patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi.
22
Amon kakasy Manaşa ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Amon kakasy Manaşanyň ýasan ähli butlaryna gurbanlyk hödürläp, şolara gulluk etdi.
23
Kakasy Manaşanyň özüni Rebbiň öňünde peseldişi ýaly, Amon özüni Rebbiň öňünde peseltmän, gaýtam köpden-köp günä etdi.
24
Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler.
25
Emma ýahuda halky Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi.
← Chapter 32
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 34 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36