bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 32
2 Chronicles 32
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 31
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 33 →
1
Hizkiýanyň eden wepaly işlerinden soň, Aşur patyşasy Sanherip gelip, Ýahuda çozuş edip, galalaryň garşysynda düşelge gurup, olary ele almagy ýüregine düwdi.
2
[2-3] Hizkiýa Sanheribiň gelip, Iýerusalime garşy uruş etmekçi bolýandygyny görende, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy. Olar Hizkiýa ýardam etdiler.
4
Köp halk toplanyp: «Näme üçin Aşur patyşalary gelip, bol suw tapmalymyşyn?» diýip, ýurduň içinden akyp geçýän ähli çeşmedir akarlary bentlediler.
5
Şeýdip, Hizkiýa kuwwatlanyp, diwaryň ähli ýykylan ýerlerini bejerip, onuň üstünde diňler galdyrdy. Daşyndan ol ýene-de başga bir diwar gurdy. Bulardan başga-da Hizkiýa Dawut galasyndaky Millony berkidip, köp mukdarda ýaraglardyr galkanlar ýasatdy.
6
[6-7] Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir.
8
Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.
9
Mundan soň Aşur patyşasy Sanherip tutuş goşuny bilen Lakyşdaka, nökerlerini Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň we bütin ýahuda halkynyň ýanyna iberdi.
10
Nökerler gelip, Aşur patyşasy Sanherip şeýle diýýär: «Siz näme üçin Iýerusalimde gabaw içinde otyrsyňyz? Nämä bil baglaýarsyňyz?
11
Hizkiýa: „Hudaýymyz Reb bizi Aşur patyşasynyň elinden halas eder“ diýip, sizi açlykdan we suwsuzlykdan öldürjek bolup aldaýar.
12
Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz diňe bir gurbanlyk sypanyň öňünde sežde edip, şonuň üstünde gurbanlyk ýakyň“ diýip, Rebbe bagyş eden seždegähleri, gurbanlyk sypalaryny ýykan şu Hizkiýa dälmi näme?
13
Ähli ýurtlaryň halklaryna meniň we ata-babalarymyň näme edenini bilmeýärsiňizmi? Şol ýurtlaryň milletleriniň hudaýlary öz ýurtlaryny meniň elimden halas edip bildilermi?
14
Hudaýyňyzyň sizi meniň elimden halas edip biler ýaly, ata-babalarymyň bütinleý ýok eden şol milletleriniň ähli taňrylarynyň arasynda haýsysy öz halkyny meniň elimden halas edip bildi?
15
Indi siz özüňizi Hizkiýa aldatmaň, oňa özüňizi şu ýol bilen azaşdyrmaga ýol bermäň we oňa ynanmaň. Çünki hiç bir milletiň ýa-da patyşalygyň taňrysy öz halkyny meniň we ata-babalarymyň elinden halas edip bilen däldir. Siziň Hudaýyňyz-da sizi meniň elimden halas edip bilmez!» diýdiler.
16
Sanheribiň nökerleri Beýik Hudaýa we Onuň guly Hizkiýa garşy sözlerini dowam etdirdiler.
17
Sanherip Ysraýyl Hudaýy Rebbe dil ýetirip ýazan hatlarynda Rebbe garşy şeýle diýdi: «Beýleki milletleriň taňrylarynyň öz halklaryny meniň elimden halas etmeýişleri ýaly, Hizkiýanyň Hudaýy hem Öz halkyny meniň elimden halas etmez».
18
Sanheribiň nökerleri bu sözleri diwaryň üstündäki Iýerusalim halkyny gorkuzyp, howsala düşürip, şäheri basyp almak üçin olara ýahuda dilinde gaty ses bilen gygyryp aýtdylar.
19
Olar Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýy hakda-da dünýä halklarynyň ynsan eli bilen ýasalan hudaýlary hakda sözleýişleri ýaly sözlediler.
20
Onsoň Hizkiýa patyşa bilen Amozyň ogly Işaýa pygamber munuň üçin dileg edip, Hudaýa perýat etdiler.
21
Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesinde ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary öldürdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz hudaýynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler.
22
Şeýdip, Reb Hizkiýany hem Iýerusalim ilatyny Aşur patyşasy Sanheribiň we ähli duşmanlarynyň elinden halas edip, olary dumly-duşdan gorady.
23
Iýerusalime köp adamlar gelip, Rebbe sadakalar, Ýahuda patyşasy Hizkiýa gymmatbaha sowgatlar getirdiler. Şondan soň, Hizkiýa ähli milletleriň nazarynda beýgeldi.
24
Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol Rebbe dileg etdi. Reb Hizkiýanyň dilegine jogap berip, oňa bir alamat berdi.
25
Emma Hizkiýa özüne edilen ýagşylygy ödemedi, ol gopbamsylyk etdi. Şonuň üçin hem Hizkiýanyň, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstüne gazap indi.
26
Onsoň Hizkiýa gopbamsylygy üçin özüni kiçeltdi. Iýerusalimiň ilaty-da şeýle etdi. Şeýdip, Hizkiýanyň döwründe Rebbiň gazaby olaryň üstüne inmedi.
27
Hizkiýada ummasyz köp baýlyk bolup, onuň şan-şöhraty beýgeldi. Ol özüne kümüş, altyn, gymmatbaha daşlar, hoşboý ysly zatlar, galkanlar we her hili gymmatbaha zatlar üçin hazynalar edindi.
28
Bugdaý, şerap we zeýtun ýagy üçin ammarlar, mallar üçin ýataklar we sürüler üçin agyllar ýasatdy.
29
Hizkiýa özi üçin şäherler gurdurdy. Onuň juda köp ownuk we iri mallary bardy, çünki Hudaý Hizkiýa gaty köp mal-mülk beripdi.
30
Gihon suwlarynyň ýokarky goluny baglap, olary Dawut galasynyň günbatar tarapyna aşaklygyna sowan bu Hizkiýadyr. Hizkiýanyň ähli işleri rowaçlandy.
31
Ine, Babyl hökümdarlarynyň ýurtda bolan alamat hakynda soramak üçin Hizkiýanyň ýanyna iberen ilçileri gelende, Hudaý Hizkiýany synap, onuň ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrdy.
32
Hizkiýanyň beýleki işleri, eden oňat işleri barada Amozyň ogly Işaýa pygamberiň pygamberliklerinde, Ýahuda hem Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitaplarynda ýazylandyr.
33
Hizkiýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawudyň nesilleriniň mazarlarynyň ýokarsynda jaýlandy. Hizkiýa aradan çykanda, bütin Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty oňa hormat goýdy. Ogly Manaşa onuň ýerine patyşa boldy.
← Chapter 31
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 33 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36