bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 4
2 Chronicles 4
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 5 →
1
Süleýman uzynlygyny we inini ýigrimi tirsek, beýikligini on tirsek edip, bürünçden gurbanlyk sypasyny ýasatdy.
2
Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligini bäş tirsek edip, guýma bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi.
3
Howzuň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar howuz bilen bile guýlup ýasalandy.
4
Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy.
5
Howzuň galyňlygy dört barmak bolup, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol bir müň elli hum tutýardy.
6
Şeýle hem ol zatlary ýuwar ýaly on sany bürünç legen ýasady. Olaryň bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini demirgazyk tarapda goýdy. Bu legenlerde ýakma gurbanlyk üçin ulanylan zatlar ýuwuldy. Howuz ruhanylaryň ýuwunmagy üçindi.
7
Ol berlen nusga görä, sap altyndan on sany çyradany ýasap, olaryň bäşisini ybadathananyň günorta tarapynda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapynda goýdy.
8
Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada — bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady.
9
Ol ruhanylaryň howlusyny, uly howlyny we howlynyň gapylaryny ýasap, olary bürünje gaplady.
10
Deňzi öýüň sag tarapynda — günorta-gündogar burçunda ýerleşdirdi.
11
[11-15] Huramaby şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Huramaby Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.
16
Gazanlar, kül atarlar, çarşaklar we Huramabynyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren enjamlary ýalpyldawuk bürünçdendi.
17
Patyşa bulary Iordan düzlüginde, Sukot bilen Seredanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde guýdurdy.
18
Süleýman ummasyz köp gap-gaçlary ýasatdy, şoňa görä sarp edilen bürünjiň agramy anyklanmady.
19
[19-22] Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtasyny, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi — iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy.
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 5 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36