bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 12
2 Chronicles 12
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 13 →
1
Patyşalygy pugtalanyp, özi kuwwatlanandan soň, Rehabgam tutuş ysraýyl halky bilen birlikde Rebbiň kanunyny terk etdi.
2
[2-3] Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Ysraýylyň Rebbe biwepalyk edendigi zerarly, Müsür patyşasy Şişak bir müň iki ýüz söweş arabasy we altmyş müň söweş arabaly esgerleri bilen Iýerusalimiň üstüne çozdy. Şişak bilen Müsürden gelenler: liwiýalylar, sukkiler we efiopiýalylar san-sajaksyzdy.
4
Şişak Ýahudanyň berkidilen galalaryny basyp alyp, Iýerusalime çenli geldi.
5
Şemagýa pygamber Şişak zerarly Iýerusalime ýygnanan Rehabgamyň we Ýahuda baştutanlarynyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: « Reb şeýle diýýär: „Siz Meni terk etdiňiz, Men hem sizi terk edip, Şişagyň eline berdim“».
6
Onsoň Ysraýylyň baştutanlary we patyşa özlerini kiçeldip: «Reb adyldyr!» diýdiler.
7
Reb olaryň özlerini kiçeldenini görende, Şemagýa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Olaryň özlerini kiçeldendigi üçin Men olary ýok etmerin. Emma Men olara biraz gutulyş bererin. Meniň gazabym Şişagyň eli bilen Iýerusalimiň üstüne dökülmez.
8
Muňa garamazdan, olar Şişagyň gullary bolarlar. Şonda olar Maňa hyzmat etmek bilen beýleki ýurtlaryň patyşalaryna hyzmat etmegiň parhyny bilerler».
9
Şeýdip, Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi. Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.
10
Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi.
11
Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler.
12
Rehabgamyň özüni kiçeldendigi sebäpli, Rebbiň gazaby ondan sowlup, ony bütinleý ýok etmedi. Ýahudada-da ýagdaýlar gowudy.
13
Şeýdip, Rehabgam patyşa kuwwatlanyp, Iýerusalimde şalyk sürdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady. Ol Rebbiň Özüne ybadat etmegi üçin Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan saýlan şäheri bolan Iýerusalimde on ýedi ýyl şalyk sürdi. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady.
14
Rehabgam pis işleri etdi. Ol Rebbi agtarmagy ýüregine düwmedi.
15
Rehabgamyň başdan-aýak eden işleri Şemagýa pygamberiň we Ydo görgüriň taryh kitaplarynda nesil daragtyna görä ýazylandyr. Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy.
16
Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda Dawut galasynda jaýlandy. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýa patyşa boldy.
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 13 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36