bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 15
2 Chronicles 15
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 16 →
1
Odetiň ogly Azarýanyň üstüne Rebbiň Ruhy indi.
2
Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.
3
Uzak wagtlap Ysraýyl hak Hudaýsyz ýaşapdy; tälim berýän ruhany -da, kanun -da bolmandy.
4
Emma agyr günlerinde olar Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýüz tutup, Ony agtardylar; Ol Özüni olara aýan etdi.
5
Şol döwürlerde ähli ýurtlaryň ilatlarynyň arasyndaky uly howsalalyk zerarly girip-çykmak howpludy.
6
Bir millet beýleki millete garşy, bir şäher beýleki şähere garşy göreşdi. Hudaý olary her hili betbagtçylyk bilen howsala salypdy.
7
Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz».
8
Asa bu sözleri, ýagny Odetiň ogly Azarýanyň pygamberligini eşidende ruhlandy. Ol bütin Ýahudadaky, Benýamindäki we Efraýym daglygyndan alan ähli galalaryndaky ýigrenji butlary ýok etdi. Asa Rebbiň öýüniň eýwanynyň öňündäki Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikeltdi.
9
Asa ähli ýahudalary we benýaminleri, olaryň arasynda keseki hökmünde ýaşap ýören efraýymlary, günbatardaky manaşalary we şimgonlary toplady. Beýik Hudaýyň Asa bilendigini görüp, köp ysraýyllar Asanyň tarapyna geçipdiler.
10
Olar Asanyň patyşalygynyň on bäşinji ýylynyň üçünji aýynda Iýerusalime ýygnanyşdylar.
11
Şol gün olar getiren oljalaryndan ýedi ýüz öküzi we ýedi müň goýny Rebbe gurbanlyk hökmünde berdiler.
12
Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi bütin kalplary, bütin jan-teni bilen agtarmagy äht etdiler.
13
Ýaş bolsun, garry bolsun, erkek bolsun, aýal bolsun, parhy ýok, Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmadyk her kes öldürilmelidi.
14
Olar batly ses bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaýlar we surnaýlar çalyp, Rebden ant içdiler.
15
Bütin ýahuda halky bu kasam üçin begendiler. Olar çyn ýürekden ant içip, Rebbi uly yhlas bilen agtardylar. Reb hem olara Özüni görkezdi. Reb olara her tarapdan asudalyk berdi.
16
Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden boşatdy, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, parçalap, Kidron deresinde ýakdy.
17
Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe wepaly boldy.
18
Ol kakasynyň we özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny altyny, kümşi we enjamlary Hudaýyň öýüne getirdi.
19
Asanyň patyşalygynyň otuz bäşinji ýylyna çenli uruş bolmady.
← Chapter 14
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 16 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36