bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 26
2 Chronicles 26
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 25
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 27 →
1
Bütin ýahuda halky on alty ýaşly Uzyýany alyp, ony kakasy Amazýanyň deregine patyşa etdi.
2
Patyşa Amazýa ata-babalaryna gowşandan soň, Uzyýa Eýlaty täzeden gurup, ony Ýahuda gaýtaryp berdi.
3
Uzyýa patyşa bolanda on alty ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýekolýa iýerusalimlidi.
4
Uzyýa öz kakasy Amazýa ýaly, Rebbiň nazarynda dogry işlerini etdi.
5
Özüne Hudaýdan gorkmaklygy öwreden Zakarýanyň bütin ömrüne Uzyýa Hudaýa tabyn boldy. Rebbe tabyn bolan döwürlerinde Hudaý Uzyýanyň işine rowaçlyk berdi.
6
Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdodyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdodyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy.
7
Piliştlilere, Gurbagalda ýaşan araplara we megunylara garşy alyp barýan uruşlarynda Hudaý Uzyýa ýardam etdi.
8
Ammonlar Uzyýa salgyt tölediler. Uzyýa has güýçlenip, şan-şöhraty Müsüriň çäklerine çenli ýaýrady.
9
Şeýle hem, Uzyýa Iýerusalimdäki Künç, Dere we Burç derwezelerinde diňler gurup, olary berkitdi.
10
Uzyýa çölde-de diňler gurup, köp guýulary gazdyrdy. Onuň günbatar baýyrlykda we düzlükde uly mal sürüsi bardy, daglarda we mes toprakly ýerlerde daýhanlary we üzüm bagbanlary bardy. Uzyýa daýhançylyk etmegi söýýärdi.
11
Uzyýanyň söweşe ukyply esgerleri bardy. Olar patyşanyň serkerdelerinden bolan Hananýanyň gol astyndaky kätip Ýegiýel we serkerde Magaseýanyň tarapyndan geçirilen tükellemäniň sanyna görä topar-topar bolup söweşe çykdylar.
12
Batyr ýigitleriň urugbaşylarynyň umumy sany iki müň alty ýüzdi.
13
Olaryň gol astynda üç ýüz ýedi müň bäş ýüz esgerden ybarat goşun bardy. Olar uly güýç bilen duşmana garşy söweş edip, patyşa ýardam ederdiler.
14
Uzyýa tutuş goşuny galkanlar, naýzalar, tuwulgalar, sowutlar, ýaýlar we sapan daşlary bilen üpjün etdi.
15
Uzyýa diňleriň we diwar burçlarynyň üstünden oklar we uly daşlar atmaga ukyply adamlar tarapyndan oýlanyp tapylan desgalary Iýerusalimde goýdy. Onuň şan-şöhraty uzaklara ýaýrady. Oňa uly ýardam edilip, ol juda güýçlendi.
16
Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.
17
Ruhany Azarýa Rebbiň segsen batyr ruhanysy bilen Uzyýanyň yzyndan girdi.
18
Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Hudaýymyz Rebden hormat getirmez».
19
Uzyýa gazaplandy; ol ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypanyň ýanynda, Rebbiň öýündäki ruhanylaryň öňünde tütetgi ýakmak üçin durdy. Ol ruhanylara gazaplananda, onuň maňlaýynda deri keseli peýda boldy.
20
Baş ruhany Azarýa bilen beýleki ruhanylaryň hemmesi Uzyýa seredenlerinde, onuň maňlaýyndaky deri keselini gördüler. Olar ony ol ýerden tiz çykardylar. Uzyýanyň özi hem, ol ýerden dessine çykmak bilen boldy, çünki Reb ony şeýle heläkläpdi.
21
Uzyýa patyşa tä ölýänçä, deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady, ol Rebbiň öýünden çetleşdirilipdi. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.
22
Uzyýanyň başdan-aýak eden işleriniň bary barada Amozyň ogly Işaýa pygamber ýazdy.
23
Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ony atalarynyň ýanynda patyşalara degişli bolan mazarlykda jaýladylar, çünki ol «deri keselli» diýdiler. Ogly Ýotam onuň ýerine patyşa boldy.
← Chapter 25
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 27 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36