bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 10
2 Chronicles 10
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 11 →
1
Rehabgam Şekeme gitdi. Bütin ysraýyl halky Rehabgamy patyşa etjek bolup, Şekeme gelipdi.
2
Nebadyň ogly Ýarobgam bu habary eşidenden soň (ol Müsürdedi, çünki ol şol ýere Süleýman patyşadan gaçyp gidipdi), Müsürden gaýdyp geldi.
3
Ysraýyllar Ýarobgamy çagyrdyp alyp, onuň bilen bile Rehabgamyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler:
4
«Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis».
5
Rehabgam ysraýyl halkyna: «Ýene-de üç günden meniň ýanyma dolanyp geliň» diýdi. Şeýdip, olar gitdiler.
6
Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşulular bilen geňeşip, olardan: «Bu halka näme jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady.
7
Ýaşulular oňa: «Eger sen şu gün bu halka ýagşylyk edip, olary razy etseň, olardan ýagşy sözüňi gaýgyrmasaň, olar saňa baky hyzmat ederler» diýip jogap berdiler.
8
Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi.
9
Rehabgam ýaş ýigitlerden: «Siz: „Sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýdi.
10
Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt.
11
Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilýän zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.
12
Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýip aýdyşy ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler.
13
Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi.
14
Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».
15
Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şilonly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Hudaý tarapyndan şeýle tamamlanypdy.
16
Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, her kes öýli-öýüne gaýtsyn! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.
17
Rehabgam bolsa Ýahuda şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllara patyşalyk etdi.
18
Rehabgam patyşa gullaryň baştutany bolan Hadoramy Ysraýyla iberende, ysraýyl halky ony daşlap öldürdi. Rehabgam patyşa Iýerusalime gaçmak üçin, howlukmaçlyk bilen öz at arabasyna mündi.
19
Şeýdip, demirgazyk ysraýyl tireleri şu güne çenli Dawudyň nesillerine garşy pitne turzup gelýärdiler.
← Chapter 9
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 11 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36