bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
2 Chronicles 22
2 Chronicles 22
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 23 →
1
Iýerusalimiň ilaty Ýoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy.
2
Ahazýa patyşa bolanda kyrk iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy.
3
Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ahazýanyň ejesi pis iş etmekde geňeşçisidi.
4
Ahazýa hem Ahabyň maşgalasy ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Kakasy ölenden soň, Ahabyň nesilleri Ahazýanyň geňeşçisi bolup, ony heläkçilige uçratdylar.
5
Ahazýa olaryň maslahatyna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň ogly Ýoram bilen Siriýanyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Siriýalylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar.
6
Ýoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Uzyýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.
7
Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Uzyýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy.
8
Ýehu Ahabyň nesillerine höküm edýärkä, Ýahudanyň baştutanlaryna we Ahazýa hyzmat eden Ahazýanyň doganlarynyň ogullaryna duşup, olary öldürdi.
9
Ýehuwyň adamlary Ahazýany agtardylar. Ahazýa Samariýada gizlenip ýörkä tutulyp, Ýehuwyň ýanyna getirildi we öldürildi. Ony jaýlap, şeýle diýdiler: «Ahazýa Rebbe bütin kalby bilen tabyn bolan Ýehoşapadyň agtygydyr». Ahazýanyň nesillerinden patyşalygy dolandyryp biljek adam galmandy.
10
Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa öz oglunyň öldürilendigi barada eşiden dessine, Ýahudadaky ähli patyşa nesillerini ýok etdi.
11
Emma patyşanyň gyzy Ýehoşabgat patyşanyň öldürilmeli şazadalarynyň içinden Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen bile ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýoram patyşanyň gyzy, ruhany Ýehoýadanyň aýaly, Ahazýa patyşanyň uýasy Ýehoşabgat Ýowaşy Atalýadan gizledi we Ýowaş diri galdy.
12
Ýowaş alty ýyllap Ýehoşabgat bilen Hudaýyň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurtda şalyk sürdi.
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 23 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36