bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 13
Genesis 13
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 14 →
1
Ybram aýalyny hem ähli emlägini alyp, Müsürden çykyp, Negep çölüne gitdi. Lut hem onuň ýanyndady.
2
Ybram juda baýdy. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary, altyn-kümüşleri bardy.
3
[3-4] Ybram Negep çölünden gaýtdy we bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, Beýtele ýetdi. Ol Beýtel bilen Aýyň aralygyndaky öňki çadyr diken ýerine bardy we öňki ýasan gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbe ybadat etdi.
5
Ybram bilen bile gelen Lutuň hem ownukly-irili mallary we çadyrlary bardy.
6
Mallary juda köp bolansoň, olara öri darlyk etdi. Şol sebäpli hem olar bile ýaşap biljek däldiler.
7
Şeýdip, Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlarynyň arasynda dawa-jenjel turdy. Şol döwürlerde kenganlar bilen perizler hem Kengan topragynda ýaşaýardylar.
8
Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys.
9
Ine, tutuş ýurt seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Biz aýrylyşaly. Sen saga gitseň, men sola giderin, sen sola gitseň, men saga giderin» diýdi.
10
Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi.
11
Lut özüne Iordan deresini saýlap alyp, gündogara tarap ýola rowana boldy. Şeýdip, olar aýrylyşdylar.
12
Ybram Kenganda, Lut bolsa Iordan deresindäki galalarda düşlediler. Lut çadyryny Sodomyň çetinde dikdi.
13
Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.
14
Lut aýrylyp gidenden soň, Reb Ybrama şeýle diýdi: «Häzirki oturan ýeriňden demirgazyga we günorta, gündogara we günbatara gözüňi aýla.
15
Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin.
16
Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.
17
Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek».
18
Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.
← Chapter 12
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 14 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50