bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 34
Genesis 34
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 33
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 35 →
1
Leýanyň Ýakuba dogrup beren gyzy Dina ýerli halkyň gyzlaryny görmäge gitdi.
2
Bu ýurduň begi, hiwilerden bolan Hamoryň ogly Şekem Dinany görüp, ony tutdy, zorlap, namysyna degdi.
3
Şekem gyza ýürekden aşyk boldy. Ol gyzy söýdi we onuň göwnüni tapjak bolýardy.
4
Şekem kakasy Hamora: «Şu gyzy maňa alyp ber» diýdi.
5
Hamoryň oglunyň Dinany biabraý edendigini Ýakup eşitdi. Onuň ogullary bolsa meýdanda mallaryň üstündedi. Ýakup ogullary gelýänçä sesini çykarmady.
6
[6-7] Ýakubyň ogullarynyň meýdandan gaýdyp gelýän wagty, Şekemiň kakasy Hamor Ýakup bilen gepleşmek üçin onuň ýanyna gitdi. Oglanlar bu habary eşidip, gazap donuny geýdiler. Çünki Şekem Ýakubyň gyzy bilen ýatyp, ysraýyl halkyny ile ryswa edipdi.
8
Hamor Ýakuba şeýle diýdi: «Meniň oglum Şekem siziň gyzyňyza ölemen aşyk. Gyzyňyzy meniň ogluma aýallyga beräýiň.
9
Garyndaşlyk açalyň, gyz alşyp-berşeliň.
10
Siz şu ýurtda biz bilen bile mesgen tutup, islän ýeriňizde ýaşap, söwda-satyk ediň we özüňize mülk ediniň».
11
Soňra Şekem söze goşulyp, Dinanyň kakasyna we doganlaryna şeýle diýdi: «Maňa merhemet ediň, onsoň men size islän zadyňyzy bererin.
12
Galyňmy, gymmatbaha serpaýlarmy, garaz, diliňiziň geplän zadyny men size bererin, maňa diňe şol gyzy aýallyga berseňiz bolýar».
13
Emma Ýakubyň ogullary öz uýalary Dinany biabraý eden Şekeme we onuň kakasyna mekirlik bilen jogap berdiler.
14
Olar şeýle diýdiler: «Uýamyzy sünnetsize bermeris. Bu biziň üçin namys bolar.
15
Diňe şu şert bilen ylalaşarys: siziň ähli erkekleriňiz biziň ýaly sünnetlensin.
16
Şeýtseňiz, onda biz siziň bilen gyz alşyp-berişmäge-de, siz bilen bile bir ýerde mekan tutmaga-da, bir halk bolmaga-da taýýardyrys.
17
Eger-de siz biziň sözümize gulak asyp, sünnetlenmeseňiz, onda gyzymyzy alyp gideris».
18
Bu şert Hamor bilen onuň ogly Şekeme ýarady.
19
Şekem bu işi eglemedi, çünki ol Ýakubyň gyzyny söýýärdi. Şekem maşgalada iň hormatlanýanydy.
20
Hamor bilen Şekem ikisi gala derwezesindäki duşuşyk geçirilýän ýere gelip, halka şeýle ýüzlendiler:
21
«Ol adamlar biziň dostlarymyzdyr. Goý, olar şu ýurtda mesgen tutup, söwda-satyk etsinler. Ýurdumyz giň ahyryn, ol bize-de, olara-da ýeter. Olar bilen gyz alşyp-berşeliň.
22
Bu adamlar diňe şu şert bilen — biziň ähli erkeklerimiziň özleri ýaly sünnetlenmek şerti bilen biziň aramyzda ýaşap, biziň bilen bir halk bolmaga razylaşarlar.
23
Olar bilen razylaşalyň, goý, olar biziň bilen bile otursynlar. Onsoň olaryň ähli mallary we mal-mülkleri biziňki bolar!»
24
Hamor bilen onuň ogly Şekemiň sözüni kabul edip, galanyň ähli erkekleri sünnetlendiler.
25
Üç gün geçipdi. Erkekler heniz sünnetiň yzasyny çekýärdiler. Ýakubyň iki ogly, Dinanyň agalary Şimgon bilen Lewi gala duýdansyz hüjüm edip, ol ýerdäki erkekleriň ählisini uçdantutma gylyçdan geçirdiler.
26
Hamor bilen onuň ogly Şekemi-de öldürip, Dinany Şekemiň öýünden alyp gaýtdylar.
27
Ýakubyň beýleki ogullary öldürilenleriň ýanyna geldiler we öz uýalarynyň biabraý edilendigi üçin galany taladylar.
28
[28-29] Olar ownukly-irili mallary, eşekleri, galanyň içindäki hem meýdandaky ähli zatlary we olaryň ähli baýlyklaryny olja aldylar; aýallaryny we oglan-uşaklaryny ýesir aldylar we öýlerindäki bar zatlary taladylar.
30
Ýakup Şimgon bilen Lewä: «Siz bu ýurduň ilaty bolan kenganlardyr perizleri maňa duşman edip, başymy bela sokduňyz. Biz azlyk edýändiris. Olar bize garşy baş göterip, meni bütin hojalygym bilen bilelikde gyrgyna bererler» diýdi.
31
Ogullary Ýakuba: «Uýamyza loly hökmünde garalmagyna ýol berip bolmaz ahyryn» diýdiler.
← Chapter 33
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 35 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50