bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 18
Genesis 18
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 17
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 19 →
1
Bir gün günüň jokrama yssy wagtynda, Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi.
2
Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.
3
Ybraýym şeýle diýdi: «Eý, jenabym, eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda öz guluňyzyň duşundan sowlup geçmäň.
4
Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň.
5
Size güýç-kuwwat berer ýaly bir bölek nan getireýin, çünki ýoluňyz bendäňiziň üstünden düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy dowam etdirersiňiz». Olar: «Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler.
6
Ybraýym howlukmaç çadyra, Saranyň ýanyna geldi-de, oňa: «Derrew üç kersen oňat undan hamyr ýugur-da, nan ýap».
7
Soňra Ybraýym mallaryna tarap ylgady-da, sürüden ýaş hem semiz bir göläni saýlap, ony hyzmatkär ýigide berdi. Onsoň hyzmatkär dessine nahar taýýarlamaga girişdi.
8
Ybraýym gatyk, süýt hem bişirilen göläniň etini getirip, adamlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar naharlandylar. Ybraýymyň özi bolsa olaryň ýanynda agajyň aşagynda durdy.
9
Adamlar Ybraýymdan: «Aýalyň Sara nirede?» diýip soradylar. Ybraýym: «Sara ol taýda, çadyrda» diýip jogap berdi.
10
Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar men seniň ýanyňa ýene dolanyp gelerin we oňa çenli aýalyň Saradan bir ogul bolar» diýdi. Sara onuň arkasyndaky çadyryň agzynda bularyň gürrüňini diňläp durdy.
11
Ybraýym bilen Saranyň ikisiniň-de ýaşlary birçene barypdy; olar örän garrapdylar. Sarada aýbaşy gelmesi kesilipdi.
12
Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi.
13
Şonda Reb Ybraýymdan: «Näme üçin Sara „Şu ýaşdan soň men, heý, çaga dogrup bilerinmi?!“ diýip güldi?» diýip sorady.
14
«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.
15
«Men gülmedim» diýip, Sara gorkusyna boýun almady. Reb: «Ýok, sen güldüň» diýdi.
16
Adamlar turup, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym hem olary ugratmak üçin olar bilen bile gitdi.
17
Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?!
18
Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar.
19
Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».
20
Soňra Reb Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen Gomoranyň garşysyna edýän ahy-nalasyny eşitdim; olaryň günäleri juda agyrdyr.
21
Men aşak düşüp göreýin. Olaryň etmişi, hakykatdan-da, Maňa ýetişi ýaly erbetmikä? Men anyklaýyn» diýdi.
22
Şeýdip, adamlar ol ýerden gaýdyp, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym bolsa Rebbiň huzurynda durdy.
23
Ol Rebbe golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?!
24
Aýdaly, galada elli sany bigünä bar. Şol elli sany bigünä adamyň haky üçin oňa haýpyň gelmezmi? Sen şonda-da galany weýran edermiň?
25
Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy — Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»
26
Reb: «Eger-de Sodom galasyndan elli sany bigünä adam tapsam, onda Men olaryň hatyrasyna tutuş galany diri galdyraryn» diýdi.
27
Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän.
28
Eger galadaky bigünäleriň sany kyrk bäş bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş adamyň kemterlik edýändigi üçin Sen tutuş galany weýran edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-de Men ol ýerden kyrk bäş sany bigünäni tapsam, onda ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.
29
Ybraýym Ondan ýene-de: «Aýdaly, galadan diňe kyrk sanysy tapylýar, onda näme?» Ol: «Eger Men ol ýerden kyrk sany bigünä tapsam, onda ony weýran etmerin» diýdi.
30
Onsoň Ybraýym Taňra ýüzlenip: «Eý, Taňrym, geplesem maňa gaharyň gelmesin. Aýdaly, galadan otuz sanysy tapylýar, onda näme?» diýdi. Reb: «Eger ol ýerden otuz sany bigünä tapsam, onda Men ony weýran etmerin» diýdi.
31
Ybraýym ýene-de ýüzlenip: «Men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. Aýdaly, galada ýigrimi sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «Ýigrimi sany bigünäniň hatyrasy üçin Men galany weýran etmerin» diýdi.
32
Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa gaharyň gelmesin! Men iň soňky gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly, galada bary-ýogy on sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «On bigünäniň hatyrasy üçin Men ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.
33
Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi.
← Chapter 17
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 19 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50