bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 20
Genesis 20
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 21 →
1
Ybraýym ol ýerden Negep çölüne göçüp, Kadeş bilen Şuruň aralygynda düşledi. Soňra ol Gerarda gelmişek bolup ýaşady.
2
Ybraýym öz aýaly Sara «Ol meniň aýal doganym» diýdi. Geraryň şasy Abymelek adam iberip, Sarany getirtdi.
3
Hudaý Abymelegiň düýşüne girip, oňa: «Ärli aýaly ýanyňa aldyrdandygyň sebäpli sen ölersiň» diýdi.
4
Emma Abymelek Sara heniz ýakynlaşmandy. Abymelek: «Eý, Taňry! Sen bigünä halky-da ýok etjekmi?!
5
Ybraýymyň özi: „Bu meniň aýal doganym“ diýip aýtmadymy näme?! Aýalyň özi-de: „Ol meniň erkek doganym“ diýdi ahyryn. Men bu işi päk ýürek we ynsap bilen etdim» diýdi.
6
Hudaý Abymelege düýşünde şeýle diýdi: «Seniň muny päk ýürekden edendigiňi Men bilýärin. Seni Özüme garşy günä etmeklikden saklan Mendirin. Şonuň üçin seniň oňa el urmagyňa ygtyýar bermedim.
7
Indi bolsa sen aýaly öz adamsyna gaýtaryp ber, çünki onuň adamsy pygamberdir. Ol seniň üçin dileg eder. Şeýdip, sen diri galarsyň. Aýaly yzyna gaýtarmasaň, sen we seniň ähli adamlaryň hökman ölersiňiz».
8
Abymelek daň bilen turdy we ähli emeldarlaryny çagyryp, olara düýşüni gürrüň berdi. Olar gaty gorkdular.
9
Abymelek Ybraýymy çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň boldy?! Seniň meni we meniň patyşalygymy beýle uly günä bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň saňa garşy eden günäm näme?! Sen maňa asla edilmeli däl işi etdiň» diýdi.
10
Abymelek ýene-de Ybraýymdan: «Sen näme maksat bilen beýle etdiň?» diýip sorady.
11
Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim.
12
Onsoňam ol meniň, hakykatdan-da, aýal doganym. Ikimiz atabir enebaşga dogandyrys, ol soň meniň aýalym boldy.
13
Hudaý meni atamyň öýünden Öz saýlan ýurduna gitmäge çagyranda, men Sara: „Sen maňa wepaly bol. Men barada soran her kişä bu meniň erkek doganym diý“ diýdim».
14
Abymelek Ybraýyma ownukly-irili mallar, gullardyr gyrnaklar berdi; aýaly Sarany hem oňa gaýtaryp berdi.
15
Abymelek Ybraýyma: «Ine, tutuş ýurdum seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Sen islän ýeriňde ýaşa» diýdi.
16
Abymelek Sara-da: «Doganyňa müň teňňe kümüş berdim. Bu ýanyňdakylara seniň bigünädigiňi görkezer. Sen doly aklanansyň» diýdi.
17
[17-18] Ybraýymyň aýaly Sara sebäpli Reb Abymelegiň köşgündäki aýallaryň ählisiniň ýatgysyny baglapdy. Ybraýym Hudaýa dileg etdi. Hudaý Abymelegiň özüni-de, aýalydyr gyrnaklaryny-da çaga dograrlary ýaly sagaltdy.
← Chapter 19
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 21 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50