bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 8
Genesis 8
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 7
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 9 →
1
Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.
2
Düýpsüz çuňlugyň çeşmeleri beklendi, Gökleriň penjireleri ýapyldy, Gökdäki ýagyş diňdi.
3
Suw ýer ýüzünden kem-kemden çekildi; ýüz elli günden soň suw peseldi.
4
Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy.
5
Onunjy aýa çenli suw peselmegini dowam etdi; onunjy aýyň biri güni daglaryň başy göründi.
6
[6-7] Kyrk günden soň Nuh öz ýasan gämisiniň penjiresini açdy-da, bir gargany çykaryp, uçuryp goýberdi; garga tä ýer guraýança uçup geziberdi.
8
Soňra suwuň ýerden doly çekilendigini ýa-da çekilmändigini bilmek üçin Nuh bir kepderini uçuryp goýberdi.
9
Kepderi gonara ýer tapman, onuň ýanyna gämä dolanyp geldi, çünki ýeriň ýüzi entek hem suw bilen örtülendi. Nuh elini uzadyp kepderini tutdy-da, ony öz ýanyna gämä aldy.
10
Nuh ýedi gün garaşandan soň, ýene-de kepderini uçuryp goýberdi.
11
Kepderi agşam onuň ýanyna dolanyp geldi. Bu gezek onuň agzynda zeýtun agajynyň täze ýolnan ýapragy bardy. Nuh suwuň ýerden çekilendigine göz ýetirdi.
12
Ol ýene ýedi gün garaşandan soň, kepderini üçünji gezek iberdi. Kepderi bu sapar yzyna dolanmady.
13
Nuhuň ömrüniň alty ýüz birinji ýylynyň ilkinji aýynyň birine suw ýerden çekilipdi. Nuh gäminiň üçegini söküp, daş-töweregine seretdi; ýeriň ýüzi sarygypdy.
14
Ikinji aýyň ýigrimi ýedisine ýer bütinleý gurady.
15
[15-17] Reb Nuha: «Aýalyň, ogullaryň we gelinleriň bilen gämiden çyk. Ýanyňda bar bolan janly-jandarlaryň ählisini — ähli haýwanlary: guşlary, mallary, süýrenijileri özüň bilen gämiden alyp çyk. Goý, olar ýeriň ýüzüne ýaýrap, örňäp köpelsinler» diýdi.
18
Nuh aýaly, ogullary we gelinleri bilen gämiden çykdy.
19
Ähli haýwanlar, ähli süýrenijiler, ähli guşlar — ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlar öz görnüşleri bilen gämiden çykdylar.
20
Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.
21
Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.
22
Indiden beýläk ýerde ekişdir orumyň, aňzakdyr jöwzanyň, tomusdyr gyşyň hem-de gije-gündiziň ömürboýy yzy üzülmez».
← Chapter 7
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 9 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50