bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 4
Genesis 4
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 5 →
1
Adam aýaly Howa ýanaşdy. How hamyla bolup, Kabyly dogurdy. How: «Rebbiň kömegi bilen men bir ogul dünýä inderdim » diýdi.
2
Soňra ol Kabylyň dogany Habyly dogurdy. Habyl goýun çopany, Kabyl bolsa daýhan bolup ýetişdi.
3
Birnäçe wagtdan soň Kabyl topragyň miwesinden Rebbe sadaka getirdi.
4
Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.
5
Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ýüzüni sallady.
6
Reb Kabyla şeýle diýdi: «Näme üçin gaharlanýaň? Näme ýüzüňi sallaýarsyň?
7
Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»
8
Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi.
9
Reb Kabyldan: «Doganyň Habyl nirede?» diýip sorady. Ol: «Habarym ýok, men näme doganymyň sakçysymy?» diýdi.
10
Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.
11
Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň.
12
Sen näçe jan çekseň-de, ýer saňa hasyl bermez, sen ýer ýüzünde gaçgak hem sergezdan bolarsyň».
13
Kabyl Rebbe: «Jezam çekerden agyr.
14
Ine, bu gün Sen meni mes toprakly ýerden kowduň. Men Seniň huzuryňdan gizlenip, ýer ýüzünde gaçgak we sergezdan bolaryn. Maňa duşan, meni öldürer» diýdi.
15
Emma Reb oňa: «Ýok! Kabyly öldüren adamdan ýedi gezek öç alnar» diýdi. Reb Kabyla duşanyň ony öldürmezi ýaly, oňa bellik goýdy.
16
Soňra Kabyl Rebbiň huzuryndan gidip, Eremiň gündogaryndaky Not ýurdunda mesgen tutdy.
17
Kabyl aýalyna ýanaşdy. Onuň aýaly hamyla bolup, Hanogy dogurdy. Kabyl gala bina edip, oňa ogly Hanogyň adyny dakdy.
18
Hanokdan Irat, Iratdan Mehuýaýyl, Mehuýaýyldan Metuşaýel, Metuşaýelden Lemek doguldy.
19
Lemek iki aýal aldy: olaryň biriniň ady Ada, beýlekisiniňki bolsa Sillady.
20
Ada Ýabaly dogurdy. Ýabal çadyrda ýaşaýan maldarlaryň atasydy.
21
Onuň doganynyň ady Ýubaldy. Ýubal lira we tüýdük çalýanlaryň atasydy.
22
Silla Tubal-Kabyly dogurdy. Tubal-Kabyl bürünçden we demirden dürli gurallary ýasaýardy. Onuň Nagama atly aýal dogany bardy.
23
Lemek aýallaryna şeýle diýdi: «Eý, Ada we Silla, maňa gulak asyň! Aýallarym, sözümi diňläň! Meni ýaralan adamy öldürerin, meni uran juwan ýigidi öldürerin.
24
Kabyl üçin ýedi gezek öç alynsa, Lemek üçin ýetmiş ýedi gezek öç alnar».
25
Adam ýene aýalyna ýanaşdy. How bir ogul dogurdy. Ol: «Kabylyň elinden ölen Habylyň deregine Reb maňa başga bir ogul berdi» diýip, onuň adyna Şis dakdy.
26
Şisden hem bir ogul doguldy; ol onuň adyna Enoş dakdy. Şol wagtdan başlap adamlar Rebbe ybadat edip başladylar.
← Chapter 3
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 5 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50