bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 39
Genesis 39
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 38
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 40 →
1
Ysmaýyllar Ýusuby Müsüre getirip, faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.
2
Reb Ýusup bilen biledi. Ýusubyň işleri oňuna boldy; ol müsürli jenabynyň öýünde ýaşaýardy.
3
Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi.
4
Şeýdip, Ýusup jenabynyň göwnüni tapyp, oňa hyzmat etdi. Ol Ýusuby bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip belläp, öz eýeçiligindäki ähli zatlary onuň ygtyýaryna berdi.
5
Şondan soň Reb Ýusubyň hatyrasy üçin bu müsürliniň bütin hojalygyna we onuň öýündäki hem meýdandaky ähli mal-mülküne bereket berdi.
6
Potypar ähli mal-mülküni Ýusubyň ygtyýarlygyna berdi. Ol indi öz damagyndan başga zada baş galdyrmaýardy. Ýusup boý-syratly, juda görmegeý ýigitdi.
7
Aradan birnäçe wagt geçenden soň, oňa Potyparyň aýalynyň göwni gidip: «Meniň bilen ýat» diýdi.
8
Emma Ýusup mundan boýun gaçyryp, şeýle diýdi: «Jenabym öýüň hiç bir zady üçin baş galdyrmaýar. Ol öz eýeçiligindäki bar zatlary meniň baştutanlygyma berdi.
9
Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!»
10
Potyparyň aýaly Ýusuby özi bilen ýatmaga her gün yrjak bolsa-da, ol oňa gulak asmady.
11
Bir gün Ýusup öz işi bilen öýe girdi. Öýde hyzmatkärleriň hiç biri ýokdy.
12
Potyparyň aýaly onuň eşiginden tutdy-da: «Meniň bilen ýat» diýdi. Emma Ýusup eşigini onuň elinde galdyryp, gaçyp daşary çykdy.
13
[13-14] Ýusubyň eşigini elinde galdyryp gaçandygyny gören aýal hyzmatkärlerini çagyryp, olara: «Görseňizläň, meniň ärim bu ýewreýi bizi biabraý etmek üçin getiripdir. Ol meniň bilen ýatjak bolup, otagyma geldi, men sesimiň ýetdiginden gygyrdym.
15
Şonda ol eşigini ýanymda taşlap, daşary gaçyp gitdi» diýdi.
16
Soňra ol Ýusubyň jenaby gelýänçä, onuň eşigini öz ýanynda saklady.
17
[17-18] Ol Ýusubyň jenabyna-da öz hyzmatkärlerine aýdan sözlerini gaýtalady: «Seniň getiren ýewreý guluň meni biabraý etmek üçin otagyma geldi. Gykylyk turzanymy görüp, ol eşigini ýanymda taşlap gaçyp gitdi».
19
Aýalynyň: «Guluň meni, ine, şeýtdi» diýen sözlerini eşidensoň, jenabyň gany depesine urdy.
20
Ol Ýusuby tutup, patyşanyň tussaglarynyň saklanýan zyndanyna saldy. Şeýdip, Ýusup zyndanda oturdy.
21
Ýöne Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi. Ýusup zyndanyň başlygynyň göwnünden turdy.
22
Zyndanyň başlygy ol ýerdäki tussaglaryň ählisini Ýusubyň eline berdi. Ýusup zyndanyň ähli işi üçin jogapkärçilik çekdi.
23
Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi.
← Chapter 38
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 40 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50