bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 42
Genesis 42
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 41
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 43 →
1
Ýakup Müsürde galla bardygyny bilip, öz ogullaryna: «Näme biri-biriňiziň ýüzüňize seredip otyrsyňyz?
2
Men Müsürde galla bar diýip eşitdim. Aç ölesiňiz gelmeýän bolsa gidiň-de, galla satyn alyp geliň» diýdi.
3
Şunlukda, Ýusubyň doganlaryndan onusy Müsüre galla satyn almaga gitdi.
4
Ýusubyň süýtdeş inisi Benýamini bolsa Ýakup «bir betbagtçylyga uçraýmasyn» diýip, doganlary bilen ibermedi.
5
Müsüre galla satyn almaga gelenleriň arasynda Ysraýylyň ogullary-da bardy, çünki Kenganda-da açlykdy.
6
Ýusup Müsürde häkim bolansoň, ol bütin ýurduň halklaryna galla satýardy. Ýusubyň doganlary gelip, oňa iki bükülip tagzym etdiler.
7
Ýusup doganlaryny görenden tanady, ýöne tanamadyksyran boldy. Ol: «Nireden geldiňiz?» diýip, olar bilen haýbatly gepleşdi. Olar: «Biz Kengandan azyk satyn almaga geldik» diýdiler.
8
Ýusup doganlaryny tanasa-da, olar ony tanamadylar.
9
Ýusup olar bilen baglanyşykly gören düýşlerini ýatlady we olara: «Siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelen içalylarsyňyz» diýdi.
10
Olar Ýusuba: «Ýok, jenabym, biz gullaryňyz azyk satyn almaga geldik.
11
Biziň ählimiz bir adamyň çagalarydyrys. Biz gullaryňyz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris» diýdiler.
12
Ýusup olara ýene: «Ýok, siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelipsiňiz» diýdi.
13
Olar Ýusuba: «Biz gullaryňyz jemi on iki dogandyrys we Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullarydyrys. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy, bir doganymyz ýitdi» diýip jogap berdiler.
14
Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, aýdyşym ýaly, siz içalysyňyz.
15
Siz, ine, şeýle synalarsyňyz. Men faraonyň adyndan ant içýärin. Siziň körpe iniňiz şu ýere gelmese, siz bu ýerden gitmersiňiz.
16
Siziň biriňiz gidiň-de, doganyňyzy getiriň, beýlekileriňiz bolsa zyndanda gözegçilik astynda saklanarsyňyz. Şonda siziň dogry ýa-da ýalan sözleýändigiňiz belli bolar. Eger ýalan sözleýän bolsaňyz, faraonyň adyndan ant içýärin, onda siziň içaly boldugyňyzdyr».
17
Şeýdip, Ýusup olary üç günläp zyndanda tussaglykda saklady.
18
Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.
19
Eger siz, hakykatdan-da, ak ýürekli adamlar bolsaňyz, onda siziň biriňiz şu ýerde, zyndanda galyň, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla äkidiň.
20
Onsoň körpe doganyňyzy meniň ýanyma getiriň. Eger şeýle etseňiz, bu siziň ýalan sözlemeýändigiňizi subut eder we siz ölümden gutularsyňyz». Doganlar onuň bilen razylaşdylar.
21
Olar biri-birilerine şeýle diýişdiler: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik. Şol sebäpli-de indi biz hasrat çekýäris».
22
Ruben olara şeýle diýdi: «Men size „oglana sütem etmäň“ diýdim, emma siz maňa gulak asmadyňyz. Ine, indi bizden onuň ölümi üçin ar alynýar».
23
Olar aýdylýan zatlara Ýusubyň düşünýändigini bilmeýärdiler, çünki ol olar bilen dilmajyň üsti bilen gepleşýärdi.
24
Ýusup doganlarynyň ýanyndan aýrylyp aglady. Ol soň dolanyp gelip, olar bilen gepleşdi. Ol soňra Şimgony tutdurdy we Şimgon doganlarynyň gözüniň alnynda daňyldy.
25
Ýusup olaryň horjunlarynyň galladan doldurylmagyny, olaryň getiren kümüş pullarynyň ýene-de yzyna, olaryň çuwallaryna salynmagyny we olara ýol üçin azyk berilmegini buýurdy. Bu şeýle hem edildi.
26
Doganlar gallany eşeklerine ýükläp, ýola rowana boldular.
27
Gijäni geçirmek üçin düşlän ýerlerinde olaryň biri eşegine iým bermek üçin çuwalyň agzyny açanda, onuň agzynda öz kümüş pulunyň ýatandygyny gördi.
28
Ol doganlaryna: «Pulum yzyna gaýtarylypdyr, ol, ine, çuwalyň içinde ýatyr» diýip seslendi. Olaryň muňa ýürekleri ýaryldy. Olar gorkudan ýaňa titreşip, biri-birlerine: «Hudaýyň bize bu näme etdigi-kä?!» diýişdiler.
29
Olar Kengana, öz kakalary Ýakubyň ýanyna gelip, bolan işleriň ählisini oňa gürrüň berdiler.
30
«Ol ýeriniň häkimi biz bilen hyrsyz gepleşdi, ol bizi içaly hasap etdi.
31
Biz oňa: „Biz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris.
32
Biz bir atadan bolan on iki dogandyrys; bir doganymyz ýitdi, körpämiz bolsa Kenganda kakamyzyň ýanynda galdy“ diýdik.
33
Şonda ol bize şeýle diýdi: „Siziň ak ýürekli adamlardygyňyza göz ýetirmek üçin men, ine, şeýle etjek. Siziň biriňiz meniň ýanymda galarsyňyz, beýlekileriňiz bolsa aç oturan hojalyklaryňyza galla alyp gidersiňiz.
34
Körpe iniňizi meniň ýanyma getiriň. Şonda men siziň içaly däl-de, ak ýürekli adamlardygyňyza ynanaryn. Şondan soň siziň doganyňyzy yzyna bererin we siz bu ýurtda söwda-satyk edip bilersiňiz“ diýip, kakalaryna hemme bolan zatlary bolşy ýaly gürrüň berdiler».
35
Çuwallaryny boşadanlarynda, olar we olaryň kakasy Ýakup pully düwünçekleriniň çuwallardadygyny görüp gorkdular.
36
Ýakup olara şeýle diýdi: «Bu zatlar meniň başyma geldi: siz meni çagalarymdan mahrum etdiňiz. Ýusuby-da, Şimgony-da ýokladyňyz, indem Benýamini äkitjek bolýarsyňyz».
37
Ruben kakasyna: «Eger ony gaýtaryp getirmesem, onda meniň iki oglumy-da öldüräý. Benýamini meniň ygtyýaryma ber, men ony seniň ýanyňa gaýtaryp getirerin» diýdi.
38
Ýakup: «Oglumy siziň bilen iberjek däl, çünki onuň agasy ölüp, ýeke özi galdy. Eger ýolda Benýamin bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz» diýdi.
← Chapter 41
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 43 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50