bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 14
Genesis 14
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 15 →
1
Omrapel Şingaryň, Arýok Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň, Tidal bolsa Goýimiň patyşasydy.
2
Bular Sodom şasy Beranyň, Gomora şasy Birşanyň, Adma şasy Şinabyň, Seboýym şasy Şemeberiň we Sogar diýip atlandyrylýan Bala şasynyň garşysyna urşa başladylar.
3
Olar Sidim deresinde, ýagny Öli deňizde öz güýçlerini birleşdirdiler.
4
Bu şalar on iki ýyllap, Kedorlagomere gulluk etdiler, on üçünji ýyl bolsa oňa garşy baş göterdiler.
5
[5-6] On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekirýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler.
7
Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpata (ýagny Kadeş) galalaryna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Haseson Tamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler.
8
[8-9] Onsoň Sodom, Gomora, Adma, Seboýym we Bala, ýagny Sogar şalary söweş meýdanyna çykdylar we bäş şa bolup, Sidim deresinde dört şanyň: Eýlam şasy Kedorlagomeriň, Goýim şasy Tidalyň, Şingar şasy Omrapeliň, Elasar şasy Arýogyň garşysyna söweşe girdiler.
10
Sidim deresi içi şepbikli çukurlardan doludy. Sodom bilen Gomora şalary gaçyp barýarkalar, olaryň adamlaryndan käbirleri şol çukurlara ýykyldylar, beýlekileri bolsa daglara gaçdylar.
11
Dört şa bolsa Sodomy we Gomorany talap, olja alan ähli mal-mülküdir azyklaryny alyp gitdiler.
12
Olar Ybramyň doganynyň ogly Luty-da ähli mal-mülki bilen bile äkitdiler. Ol hem Sodomda ýaşaýardy.
13
Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.
14
Öz doganynyň ogly Lutuň ýesir düşendigini eşidip, hojalygynda doglup, söweşe türgenleşdirilen üç ýüz on sekiz sany esgeriň öňüne düşüp, Ybram Dana çenli şol dört şanyň yzyndan kowdy.
15
Ybram esgerlerini toparlara bölüp, gije şalaryň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi. Soňra Ybram olary ýene Damaskdan demirgazykda ýerleşen Hobaha çenli kowdy.
16
Ybram olja alan ähli mal-mülküni, doganynyň ogly Luty, onuň ähli emlägini, aýallary hem halky yzyna gaýtaryp getirdi.
17
Ybram Kedorlagomeri we onuň ýanyndaky şalary derbi-dagyn edip gelenden soň, Sodom şasy ony garşylamak üçin Şawe deresine, ýagny şa jülgesine gitdi.
18
Beýik Hudaýyň ruhanysy bolan Salim şasy Mäliksadyk Ybrama çörek bilen şerap getirdi.
19
Ol Ybrama pata berip: «Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaý Ybramy ýalkasyn!
20
Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» diýdi. Ybram ähli zadyň ondan birini Mäliksadyga berdi.
21
Onsoň Sodom şasy Ybrama: «Meniň adamlarymy yzyna ber, ähli mal-mülki bolsa özüň al» diýdi.
22
[22-23] Ybram Sodom şasyna şeýle diýdi: «„Ybramy men gurplandyrdym“ diýmeziň ýaly, saňa degişli zatlaryň hiç birini, hatda bir guşajygy ýa-da sapajygy hem almajakdygyma Ýeri-gögi ýaradan Beýik Hudaýyň — Rebbiň adyndan ant içýärin.
24
Ýöne ýigitleriň iýen iýmitleri muňa degişli däldir. Şeýle hem meniň bilen giden Aner, Eşkol we Mamre hem öz paýlaryny alsynlar».
← Chapter 13
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 15 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50