bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 48
Genesis 48
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 47
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 49 →
1
Şu wakalardan soň Ýusuba «Kakaň hassadyr» diýen habar geldi. Ýusup iki ogluny Manaşa bilen Efraýymy ýanyna alyp ýola düşdi.
2
Ýakuba: «Ogluň Ýusup seni görmäge geldi» diýip habar berdiler. Ysraýyl ähli güýjüni jemläp, düşeginde dikelip oturdy.
3
[3-4] Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli Hudaý Kengan topragynda, Luzda maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi.
5
Men Müsüre gelmezimden öň, bu ýerde doglan iki ogluň Efraýym bilen Manaşa edil Ruben bilen Şimgon ýaly meniň ogullarymdyr.
6
Olardan soňky doguljak ogullaryň seniňki bolsun. Olar Efraýym bilen Manaşadan miras alarlar.
7
Padanaramdan gaýdyp gelýärkäm, Kenganda Efrata ýetmäge sähel aralyk galanda, ýolda Rahel dünýäden ötdi. Bu meni erbet gama batyrdy. Men ony Eprata (häzirki Beýtullahama) gidilýän ýoluň gyrasynda jaýladym».
8
Ysraýyl Ýusubyň ogullaryny görüp, ondan: «Bular kim?» diýip sorady.
9
Ýusup kakasyna: «Bular meniň ogullarym» diýip jogap berdi. Ýakup Ýusuba: «Olary meniň ýanyma getir, men olara pata bereýin» diýdi.
10
Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözleri kütelişipdi we ol gowy görüp bilmeýärdi. Onsoň Ýusup ogullaryny kakasynyň alkymyna getirdi. Ýakup olary gujaklap ogşady.
11
Ysraýyl Ýusuba: «Men seniň didaryňy görmekden umydymy üzüpdim, ýöne Reb maňa seniň çagalaryňy-da görkezdi» diýdi.
12
Ýusup ogullaryny kakasynyň öňünden alyp, oňa iki bükülip tagzym etdi.
13
Soňra Ýusup Efraýymy sagyna alyp, Ysraýylyň çep tarapyna, Manaşany bolsa çepine alyp, Ysraýylyň sag tarapyna golaý getirdi.
14
Ýöne Ysraýyl ellerini çalşyryp, kiçi agtygy Efraýymyň başyna sag elini, uly agtygy Manaşanyň başyna bolsa çep elini goýdy.
15
Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, ömürboýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý,
16
meni ähli ýamanlykdan goran perişde bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»
17
[17-18] Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Nowbahar oglum, ine, budur, Manaşadyr. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşanyň başyna goýjak boldy.
19
Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşa hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi.
20
Şol gün Ysraýyl olara pata berip, şeýle diýdi: «Ysraýyl halky kimdir birine pata berende: „Hudaý sizi edil Efraýymy hem Manaşany ýalkaýşy ýaly ýalkasyn“ — diýip, siziň adyňyz bilen pata berer». Şeýdip, Ysraýyl Efraýymyň adyny Manaşanyň adyndan öňe geçirdi.
21
Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Meniň sanaglym dolup barýar. Emma Hudaý siziň bilen bile bolar we sizi ýene-de öz ata-babalaryňyzyň mekanyna elter.
22
Indi men Şekemi doganlaryňa däl-de, saňa berýärin; men ol mülk ýeri gylyjymdyr ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi.
← Chapter 47
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 49 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50