bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 40
Genesis 40
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 39
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 41 →
1
Birnäçe wagtdan soň, Müsür patyşasynyň baş sakysy bilen baş nan bişirijisi patyşanyň göwnüne degdiler.
2
Bu ikisine faraonyň gahary geldi.
3
Ol bulary janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndanda, Ýusubyň saklanýan zyndanyna saldy.
4
Janpenalaryň baştutany Ýusuby olaryň baştutany edip goýdy; Ýusup olara hyzmat etdi. Olar birnäçe wagt zyndanda boldular.
5
Bir gije Müsür patyşasynyň tussaglykda saklanýan sakysy bilen nan bişirijisi düýş gördüler. Düýşleriň hersiniň özüne mahsus ýorgudy bardy.
6
Daň bilen Ýusup bu ikisiniň ýanyna geldi; olar birhili ünjülidiler.
7
Ol bu tussaglardan: «Bu gün näme sebäpden ünjüli görünýärsiňiz?» diýip sorady.
8
Olar Ýusuba: «Biz düýş gördük, ýöne ony ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup olara: «Ýorgut Hudaýdan dälmidir näme?! Hany, düýşüňizi maňa gürrüň beriň» diýdi.
9
Baş saky düýşüni Ýusuba gürrüň berdi: «Düýşümde üzüm agajyny gördüm.
10
Üzüm agajynyň üç şahasy barmyş. Ol ösüp, gülleýärmişin-de, onda üzüm salkymlary peýda bolýarmyş.
11
Faraonyň käsesi hem meniň elimdemiş. Men üzümi faraonyň käsesine sykyp, käsäni oňa uzadýarmyşym».
12
Ýusup oňa şeýle diýdi: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç şaha üç gündür.
13
Üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen faraona ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň.
14
Ýöne günüň gowulaşanda, meni hem ýatla; maňa ýagşylyk edäý. Faraonyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber.
15
Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».
16
Baş nan bişiriji Ýusubyň düýş ýormaga ökdedigini görüp: «Men hem düýş gördüm. Depämde üç sebet çörek barmyş.
17
Sebetleriň iň üstküsinde faraon üçin undan bişirilen dürli nygmatlar barmyş, olary guşlar iýýärmiş» diýip, Ýusuba düýşüni gürrüň berdi.
18
Ýusup oňa: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç sebet üç gündür.
19
Ýene üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, dardan asar; guşlar seniň etiňi iýerler».
20
Üç günden soň faraon öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.
21
Edil Ýusubyň ýorşy ýaly, faraon baş sakyny ýene öňki wezipesine belledi; ol faraona sakylyk etdi.
22
Baş nan bişirijini-de Ýusubyň aýdyşy ýaly, patyşa dardan asdyrdy.
23
Baş saky bolsa Ýusup hakda pikir hem etmedi, ol ony ýadyndan çykardy.
← Chapter 39
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 41 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50