bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 30
Genesis 30
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 29
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 31 →
1
Rahel Ýakuba çaga dogrup bermändigini görende, ol öz aýal doganyna göriplik etdi. Ol Ýakuba: «Maňa-da çaga ber, ýogsam, men ölerin» diýdi.
2
Ýakubyň muňa gahary gelip: « Hudaý seni çagadan mahrum edýär. Men Hudaýmy näme?!» diýdi.
3
Rahel oňa: «Gyrnagym Bilha bilen ýat. Goý, ol maňa senden ogul dogrup bersin. Şeýdip, Bilhanyň üsti bilen men hem çagaly bolaýyn» diýdi.
4
Ol öz gyrnagy Bilhany Ýakuba aýallyga berdi; Ýakup onuň bilen ýatdy.
5
Bilha göwreli bolup, Ýakuba bir ogul dogrup berdi.
6
Onsoň Rahel: «Hudaý meni aklady, Ol, hakykatdanam, meniň dilegimi eşidip, maňa bir ogul berdi» diýip, oglanyň adyna Dan dakdy.
7
Raheliň gyrnagy Bilha ýene-de göwreli bolup, Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi.
8
Rahel: «Doganym bilen juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýip, oglunyň adyna Naftaly dakdy.
9
Leýa özüniň dogurmakdan galandygyna göz ýetirip, öz gyrnagy Zilpany Ýakuba aýallyga berdi.
10
Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba bir ogul dogrup berdi.
11
Leýa: «Meniňki şowuna boldy» diýip, oglunyň adyna Gat dakdy.
12
Leýanyň gyrnagy Zilpa Ýakuba ikinji ogul dogrup berdi.
13
Leýa: «Men bagtlydyryn! Gyzlar maňa bagtly diýerler» diýip, ikinji oglunyň adyna Aşer dakdy.
14
Bugdaý oragy döwründe bir gün Ruben ekin meýdanyna gitdi we ol ýerden selmelek köklerini tapdy. Ruben ony ejesi Leýa getirip berdi. Rahel Leýanyň ýanyna gelip, oňa: «Ogluňyň getiren selmelek köklerinden maňa-da ber» diýdi.
15
Leýa oňa: «Ärimi elimden alanyňy az görüp, indi oglumyň getiren selmelek köklerini-de alsam diýýärmiň?» diýdi. Rahel oňa: «Bolýar, selmelek kökleriniň deregine Ýakup şu gije seniň bilen ýataýsyn» diýdi.
16
Agşamara Ýakup meýdandan gaýdyp gelýärkä, Leýa onuň öňünden çykyp: «Sen bu gije meniň ýanyma gir. Oglumyň getiren selmelek kökleri bilen seniň şu gijelik kireýiňi töledim» diýdi. Ýakup şol gije Leýa ýanaşdy.
17
Hudaý Leýanyň dilegini eşitdi. Leýa göwreli bolup, Ýakuba bäşinji ogul dogrup berdi.
18
Leýa: «Bu — öz gyrnagymy adamyma berenim üçin, Hudaýyň maňa beren muzdudyr» diýip, oglanyň adyna Ysakar dakdy.
19
Leýa ýene göwreli bolup, Ýakuba altynjy ogul dogrup berdi.
20
Leýa: «Hudaý maňa ajaýyp sowgat etdi. Indi adamym maňa hormat goýar, çünki men oňa alty ogul dogrup berdim» diýip, altynjy oglunyň adyna Zebulun dakdy.
21
Ol soňra bir gyz dogurdy we onuň adyna Dina dakdy.
22
Hudaý Raheli ýatdan çykarmandy. Ol Raheliň dilegini eşidip, onuň ýatgysyny açdy.
23
Rahel göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Hudaý meniň aýybymy aýyrdy.
24
Goý, Reb maňa ýene-de ogul bersin!» diýip, onuň adyna Ýusup dakdy.
25
Ýusup doglandan soň, Ýakup Labana şeýle diýdi: «Meni goýber, men öz mekanyma, öz ýurduma gideýin.
26
Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi seniň özüň bilýänsiň. Men aýallarymdyr çagalarym üçin zähmet çekdim. Şonuň üçin sen olary maňa ber. Indi men gideýin».
27
Laban oňa: «Men saňa bir zat aýdaýyn. Men Rebbiň özümi sen sebäpli bereketli edendigini pal üsti bilen bildim.
28
Saňa näçe tölemelidigini aýt, men tölärin» diýdi.
29
Şonda Ýakup oňa şeýle diýdi: «Meniň saňa nähili hyzmat edendigimi, dowarlaryňyň meniň döwrümde nähili köpelendigini sen özüň bilýänsiň.
30
Meniň gelmezimden öň, seniň dowarlaryň sany azdy, olar men gelenimden soň köpeldi. Meniň aýak basan ýerimde, Reb saňa bereket berdi. Indi men öz hojalygym üçin haçan işläýin?»
31
Laban oňa: «Men saňa näme bereýin?» diýdi. Ýakup: «Maňa hiç zat gerek däl. Eger sen meniň şu maslahatymy alsaň, onda men seniň dowarlaryňy ýene-de bakyp, olara göz-gulak bolaryn.
32
Şu gün sen ähli sürülere aýlanyp, tegmiltli ýa-da menekli goýunlary, geçileri, gara guzulary sürüden aýyr. Olar meniň hyzmat hakym bolar.
33
Soň sen şol berenleriňi görmäge geleniňde, meniň dogruçyldygymy görersiň. Eger meniň sürimde tegmiltsiz ýa-da meneksiz geçiler we gara däl goýunlar tapylaýsa, şonda sen olary ogurlyk hasaplap bilersiň».
34
Laban: «Bolýar, goý, seniň diýşiň ýaly bolsun» diýdi.
35
Emma şol günüň özünde Laban ala-mula we menekli erkeçleriň, tegmiltli we menekli, şeýle hem ak gatyşygy bolan geçileriň ählisini we gara goýunlaryň baryny sürüden çykaryp, öz ogullarynyň gözegçiligine berdi.
36
Soňra Laban üç günlük ýola barabarlykda Ýakupdan arany açdy. Ýakup Labanyň beýleki galan sürüsini bakmagyny dowam etdirdi.
37
Ýakup derek, badam hem-de çynar agaçlarynyň öl çybyklaryny alyp, olaryň gabygyny ýol-ýol aýranda ak zolaklar peýda boldy.
38
[38-39] Ol zolakly çybyklary dowarlaryň öňünde suw içýän nowalaryna salyp goýdy. Dowarlar nowalardan suw içmäge gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelip, bogaz boldular we ala-mula, tegmiltli hem-de menekli owlak-guzulary guzladylar.
40
Ýakup guzularyny aýry saklap, olary Labanyň ala-mula we gara dowarlarynyň garşysynda bakýardy. Şeýdip, Ýakup özüne süri edindi we ony Labanyň sürüsine goşmady.
41
Sagdyn dowarlar goça gelenlerinde, çybyklaryň öňünde goça gelerleri ýaly, Ýakup çybyklary hemişe olaryň öňünde nowalarda goýardy.
42
Hor dowarlar goça gelende bolsa Ýakup olaryň öňünde çybyk goýmaýardy. Şunlukda, sagdyn dowarlar Ýakubyňky, hor dowarlar Labanyňky bolýardy.
43
Şeýdip, Ýakup juda baýady. Indi onuň süri-süri dowarlary, gul-gyrnaklary, düýeleri hem eşekleri bardy.
← Chapter 29
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 31 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50