bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 29
Genesis 29
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 28
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 30 →
1
Soňra Ýakup ýoluny dowam etdirip, gündogar halkyň ýurduna geldi.
2
Ol başyny galdyranda, onuň gözi açyk meýdandaky bir guýa düşdi. Guýynyň başynda üç süri goýun ýatyrdy. Bu goýun sürüleri şol guýudan suwa ýakylýardy. Guýynyň agzynda ullakan bir daş bardy.
3
Çopanlar sürüleriň baryny guýynyň başyna ýygnanlaryndan soň, daşy aýryp, dowarlaryny suwa ýakardylar-da, ýene-de daşy guýynyň agzyna goýardylar.
4
Ýakup ol ýerdäki adamlardan: «Doganlar, siz nireden?» diýip sorady. Olar: «Biz haranly» diýdiler.
5
Ýakup olardan: «Siz Nahoryň agtygy Labany tanaýarmysyňyz?» diýip sorady. Olar: «Tanaýarys» diýdiler.
6
Ýakup ýene-de olardan: «Ol sag-salamatmydyr?» diýip sorady. Olar: «Hawa, ol sag-gurgundyr. Hanha, onuň gyzy Rahel dowaryny sürüp gelýär» diýdiler.
7
Soňra Ýakup: «Entek günortan çagy ahyryn; entek dowarlary ýygnardan ir; olary suwa ýakyň-da, äkidip bakyň» diýdi.
8
Olar: «Çopanlar sürüleri ýygnaýança, biz dowarlary suwa ýakyp bilmeris; guýynyň agzyndaky daş aýrylandan soň, dowarlary suwa ýakyp bileris» diýdiler.
9
Ýakup olar bilen gepleşip durka, Rahel kakasynyň dowarlaryny guýa getirdi. Rahel çopandy.
10
Ýakup Raheli öz daýysy Labanyň sürüsi bilen görende, ol guýynyň ýanyna bardy-da, onuň agzyndaky daşy aýryp, daýysy Labanyň dowarlaryny guýudan suwa ýakdy.
11
Soňra ol Raheli ogşap, içigip-içigip aglady.
12
Ýakup özüniň Raheliň kakasy bilen garyndaşdygyny, özüniň Rebekanyň ogludygyny Rahele aýtdy. Rahel ylgap gidip, kakasyna habar berdi.
13
Laban öz ýegeni Ýakubyň gelendigini eşidip, ylgap onuň öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady; ony öýüne alyp gaýtdy. Ýakup Labana bolup geçen wakalaryň hemmesini gürrüň berdi.
14
Laban oňa: «Sen meniň öz süýegim, öz tenimsiň» diýdi. Ýakup Labanyň öýünde bir aý ýaşandan soň,
15
Laban oňa: «Garyndaşym diýip, sen maňa şeýdip, mugt hyzmat etjek ýörjekmi? Saňa näçe zähmet hak tölemeli? Aýt!» diýdi.
16
Labanyň iki gyzy bardy. Ulusynyň ady Leýa, kiçisiniň ady bolsa Raheldi.
17
Leýanyň gözleri mylaýymdy, Rahel bolsa syratlydy we owadandy.
18
Ýakup Raheli söýdi. Ol Labana: «Kiçi gyzyň Rahel üçin men ýedi ýyl hyzmatyňy edeýin» diýdi.
19
Laban: «Ony başga birine berenden, saňa berenim gowudyr. Meniň ýanymda boluber» diýdi.
20
Ýakup Rahel üçin ýedi ýyllap Labanyň hyzmatyny etdi. Raheli juda söýýändigine görä, ýedi ýyl onuň üçin ýedi gün ýaly bolup geçip gitdi.
21
Bir gün Ýakup Labana: «Möhletim doldy, gelinligimi maňa ber, men onuň ýanyna gireýin» diýdi.
22
Şeýdip, Laban töwerek-daşyny çagyryp, toý tutdy.
23
Emma şol gije Laban Raheliň deregine uly gyzy Leýany Ýakubyň ýanyna alyp bardy; Ýakup Leýa ýanaşdy.
24
(Laban hyzmatkäri Zilpany gyzy Leýa gyrnak edip beripdi.)
25
Daň atdy, ine, görse bu Leýa eken. Ýakup Labana: «Bu näme etdigiň boldy? Men saňa Rahel üçin hyzmat etmänmidim näme? Sen näme üçin meni aldadyň?» diýdi.
26
Laban oňa: «Ulusy otyrka, kiçisi durmuşa çykarylmaz. Bu biziň ilimiziň däbidir.
27
Bir hepdelik toý dabarasy geçsin, saňa Raheli-de bererin, ýöne onuň üçin ýene ýedi ýyl hyzmatymy etmeli bolarsyň» diýdi.
28
Ýakup Laban bilen ylalaşdy. Bir hepdelik toý dabarasy geçenden soň, Laban kiçi gyzy Raheli-de Ýakuba berdi.
29
(Laban hyzmatkäri Bilhany Rahele gyrnak edip beripdi.)
30
Ýakup Rahele hem ýanaşdy. Ol Raheli Leýadan artyk söýýärdi. Ol Labana ýene-de ýedi ýyl hyzmat etdi.
31
Reb Leýanyň söýülmeýändigini görüp, onuň ýatgysyny açdy. Rahelden bolsa çaga dogmaýardy.
32
Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi.
33
Ol ýene-de göwreli boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon dakdy.
34
Leýa üçünji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol: «Adamymyň ýüregi indi maňa baglansa gerek, çünki men oňa üç ogul dogrup berdim» diýdi. Şol sebäpden hem ol üçünji oglunyň adyna Lewi dakdy.
35
Leýa ýene-de göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Indi men Rebbe alkyş aýdaryn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda dakdy. Soňra ol çaga dogmakdan galdy.
← Chapter 28
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 30 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50