bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Genesis 38
Genesis 38
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 37
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 39 →
1
Şol wagtlar Ýahuda öz doganlaryndan aýrylyp, adullamly Hira diýen biriniň ýanyna gidip, şol ýerde ornaşdy.
2
Ýahuda ol ýerde Şuga diýen bir kenganyň gyzy bilen tanşyp, öýlenip, oňa ýanaşdy.
3
Aýal göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ýahuda onuň adyna Er dakdy.
4
Onuň aýaly ikinji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol oglanyň adyna Onan dakdy.
5
Ol soňra ýene-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Şela dakdy. Aýaly soňky ogluny dogranda, Ýahuda Kezipdedi.
6
Ýahuda nowbahar ogly Eri Tamar diýen gyza öýerdi.
7
Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi.
8
Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesli ýitip gitmez ýaly, sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi.
9
Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi.
10
Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi.
11
Ýahuda gelni Tamara: «Sen ataň öýüne git-de, oglum Şela ýigit çykýança, ol ýerde dullugyňa ýaşaber» diýdi. Çünki Ýahuda Şela-da beýleki iki dogany ýaly öler öýdüp gorkýardy. Şeýdip, Tamar atasy öýüne gitdi.
12
Esli wagtdan soň Ýahudanyň aýaly — Şuganyň gyzy aradan çykdy. Aýalynyň matamy sowlansoň, Ýahuda dosty adullamly Hira bilen öz gyrkymçylarynyň ýanyna Timna gitdi.
13
Tamara: «Gaýynataň dowarlaryny gyrkdyrmaga Timna gidýär» diýip habar berdiler.
14
Ol dulluk geýimini çalşyryp, ýüzüni büräp, daşyna örtgi oranyp, Timna gidilýän ýoluň ugrundaky Eýnaýymyň derwezesiniň agzynda oturdy. Çünki Tamar Şelanyň ýigit çykandygyny bilýärdi, emma ol heniz Şela berilmändi.
15
Ýahuda ony gördi we ýüzi örtülgi bolansoň, ol loludyr öýtdi.
16
Ýahuda bu aýalyň öz gelnidiginden bihabar bolansoň, oňa tarap öwrülip: «Meniň bilen ýatjakmy?!» diýdi. Ol Ýahudadan: «Eger seniň bilen ýataýsam, sen maňa näme berersiň?» diýip sorady.
17
Ýahuda ol aýala: «Öz sürimden bir owlak ibererin» diýip jogap berdi. Ol Ýahuda: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup bilermiň?» diýdi.
18
Ýahuda ondan: «Saňa girew hökmünde näme bereýin?» diýip sorady. Ol aýal: «Boýnuňdan asylgy möhüriňi gaýşy bilen hem-de eliňdäki hasaňy ber» diýdi. Şeýdip, Ýahuda bulary oňa berip, onuň bilen ýatdy. Şunlukda, ol aýal ondan göwreli boldy.
19
Aýal öýüne gidip, bürenjegini aýryp, ýene-de dulluk geýimini geýdi.
20
Ýahuda girewine goýan zatlaryny ol aýaldan almak üçin, adullamly dostundan oňa bir owlak iberdi, ýöne ony tapmady.
21
«Eýnaýymda, ýoluň ugrunda azgyn aýal otyrdy, şol niredekä?» diýip, ol ýerli adamlardan sorady. Emma oňa: «Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy» diýip jogap berdiler.
22
Ol Ýahudanyň ýanyna dolanyp geldi we oňa: «Men ony tapmadym, ýerli adamlar hem: „Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy“ diýýärler» diýdi.
23
Ýahuda: «Biziň üstümizden gülmezleri ýaly, goý, ol zatlar şonuňky bolsun. Men owlagy iberdim, ýöne sen ol aýaly tapyp bilmediň» diýdi.
24
Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar loluçylyga ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi.
25
Tamary daşary çykaranlarynda, ol gaýynatasyna şu habary ýollap: «Men, ine, şu möhüriň, gaýşyň hem-de hasanyň eýesinden göwreli boldum. Seret-de, bulary tanap, olaryň kimiňkidigini bil!» diýip, girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberdi.
26
Ýahuda öz zatlaryny tanap, şeýle diýdi: «Ol menden has mamla, sebäbi men ony oglum Şela dakmadym». Şondan soň, Ýahuda hiç haçan Tamar bilen ýatmady.
27
Aýy-güni dolup, dogurmaly pursady gelende, Tamaryň göwresinde ekiz çaganyň bardygy mälim boldy.
28
Ol dogranda, ilki bir çaganyň eli çykdy. Göbegene «Şu öň doguldy» diýip, çaganyň goşaryna gyrmyzy sapak daňdy.
29
Ýöne çaga elini ýene yzyna çekip aldy we onuň inisi ilki doguldy. Göbegene: «Sen nädip zor bilen çykdyň?» diýdi. Şol sebäpden hem onuň adyna Peres dakyldy.
30
Soňra eli gyrmyzy sapakly çaga doguldy. Onuň adyna Zera goýuldy.
← Chapter 37
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 32
Chapter 33
Chapter 34
Chapter 35
Chapter 36
Chapter 37
Chapter 38
Chapter 39
Chapter 40
Chapter 41
Chapter 42
Chapter 43
Chapter 44
Chapter 45
Chapter 46
Chapter 47
Chapter 48
Chapter 49
Chapter 50
Chapter 39 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
32
33
34
35
36
37
38
39
40
41
42
43
44
45
46
47
48
49
50