bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 12
Proverbs 12
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 13 →
1
Terbiýäni söýýän bilimi söýýändir, käýinji ýigrenýän bolsa samsykdyr.
2
Ýagşy adam Rebbiň merhemetini gazanýandyr, erbet niýetlini bolsa höküm edýändir.
3
Adam erbetlik bilen berkäp bilmez, dogrularyň köküni hiç zat goparmaz.
4
Mynasyp aýal äriniň başynyň täjidir, binamys aýal bolsa süýegiňi çüýreder.
5
Dogruçylyň pikiri adyldyr, erbetleriň maslahaty haýynlykdyr.
6
Erbetleriň gep-gürrüňi gan dökmäge teşnedir, dogrularyň dili bolsa olary halas eder.
7
Erbetler düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr.
8
Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.
9
Özüni ulumsy tutup, nana zar bolan adamdan, gününi özi dolaýan garamaýak gowudyr.
10
Dogruçyl kişi malynyň janyny hem gaýgyrýar, erbetleriň rehimi hem zalymlykdyr.
11
Ýerini bejerýän adamyň nany bol bolar, boş hyýala eýerýän bolsa kemakyldyr.
12
Erbetler ýamanlaryň oljasyny isleýär, dogruçyllaryň bolsa köki ösýär.
13
Ýamanlar ýazykly gürrüňinden duzaga düşýär, dogruçyllar kynçylykdan ýol tapýar.
14
Ynsan diliniň miwesinden ýagşylyk tapar, elleriniň hyzmaty özüne serpaý bolar.
15
Akmagyň ýoly öz gözüne dogrudyr, akyldar adam maslahaty diňleýär.
16
Akmagyň gahary derrew bildirýändir, seresaply kişi göwne deglenini ýaşyrýandyr.
17
Hakykaty aýdýan adyl gepleýändir, galp şaýat bolsa ýalany.
18
Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr, akyldaryň dili bolsa şypa berýändir.
19
Çyn dil ebedilikdir, ýalançy dil az salymlykdyr.
20
Ýaman niýetliniň ýüreginde hile bardyr, salamatlygy niýetleýän bolsa şatlyk alar.
21
Dogruçyl adama hiç bela gelmez, erbetleriň başy beladan gutulmaz.
22
Ýalan dil Reb üçin nejislikdir, dogruçyllyk isleýänlerden bolsa Ol hoşaldyr.
23
Seresaplylar bilimi özi üçin saklaýar, akmagyň ýüregi bolsa akmaklygyny äşgär edýär.
24
Janypkeşiň eli höküm sürer, ýalta mejbury işe gider.
25
Gaýgyly ýürek adamy çökerýär, ýagşy söz bolsa ony şatlandyrýar.
26
Dogruçyl adam ýakynyna ýol görkezýändir, erbetleriň ýoly bolsa azaşdyrýandyr.
27
Ýaltanyň eli tutan awuny bişirmez, gaýratly bolsa gymmatly hazyna.
28
Dogrulyk ýolunda ýaşaýyş bardyr, ol ýolda ölüm ýokdur.
← Chapter 11
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 13 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31