bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 3
Proverbs 3
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 4 →
1
Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla.
2
Çünki olar ömrüň ýyllaryny uzaldar, abadanlygyňy köpelder.
3
Sadyk söýgiňi terk etme. Bagla olary boýnuňa. Ýüregiň gatyna ýazyp goý.
4
Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda merhemet we abraý taparsyň.
5
Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla.
6
Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.
7
Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.
8
Şonda seniň janyňa sagdynlyk, bedeniňe şypa berler.
9
Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.
10
Şonda seniň ammaryň dolup-daşar, çelekleriň täze şerapdan joşar.
11
Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum. Onuň käýinjine gysynma.
12
Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir.
13
Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr.
14
Çünki onuň girdejisi kümüşden, peýdasy altyndan artykdyr.
15
Danalyk jöwherden gymmat, hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez.
16
Uzak ömür onuň sag elinde, baýlyk hem şöhrat sol elinde.
17
Onuň ýollary ýakymly ýoldur, barça ýodalary hem salamatlykdyr.
18
Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr. Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.
19
Reb danalyk bilen jahany bina etdi; düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.
20
Onuň biliminden çuňluklar böwsüldi, bulutlar çygyny pürkdi.
21
Oglum, danalygy, akyllylygy gorap sakla, gözüňden salma.
22
Şeýle etseň, olar janyňa ýaşaýyş, boýnuňa bezeg bolar.
23
Onsoň aman-esen gezersiň, büdremersiň.
24
Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň.
25
Duýdansyz gelýän howpdan, erbetleriň başyna inen weýrançylykdan gorkma.
26
Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.
27
Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama.
28
Eliňde barka, ýakynyňa: «Git, soň gel, ertir bererin» diýme.
29
Saňa ynanyp, arkaýyn ýaşaýan ýakynyňa garşy ýaman niýet etme.
30
Ýamanlyk etmedik adam bilen nähak jedelleşme.
31
Zalyma gözüň gitmesin, onuň ýollaryny saýlama.
32
Reb azgyn adamlary ýigrenýär, Ol dogruçyllara ýakyn bolýar.
33
Reb erbetleriň öýüni näletleýär, dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.
34
Reb ýaňsylaýjylary ýaňsylaýandyr, pespäl adamlara rehim edýändir.
35
Akyllylar şöhrata eýe bolarlar, akmaklar bolsa uýada galarlar.
← Chapter 2
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 4 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31