bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 29
Proverbs 29
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 28
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 30 →
1
Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.
2
Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.
3
Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr, emma lolulara ýaran bolan mal-mülküni ýoklaýandyr.
4
Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir, para alýan bolsa ony tozdurýandyr.
5
Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam onuň aýagyna tor gurýandyr.
6
Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.
7
Dogruçyl adam ejizleriň hakyna üns berýändir, erbet bolsa şu meselä düşünýänem däldir.
8
Masgaralaýjy adamlar şäherde ot gorsaýandyrlar, akyldarlar bolsa gahar-gazaby köşeşdirýändirler.
9
Akylly adam akmak bilen kazyýetde dawalaşanda, akmak gyzanda-da, gülende-de rahatlyk bermez.
10
Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir, hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr.
11
Akmak bar gaharyny daşyna çykarýandyr, akylly adam bolsa gaharyna basalyk berýändir.
12
Hökümdar ýalan söze gulak salsa, onuň ähli emeldarlary erbet bolar.
13
Garyp bilen zalymyň bir meňzeşligi bar, ikisiniň gözüne-de Reb ýagtylyk berýär.
14
Patyşa ejizlere adalatly höküm çykarsa, onuň tagty ebedi berkarar bolar.
15
Taýak we käýinç danalyk getirýändir, başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr.
16
Erbetler güýçlenende, ýazyk hem köpelýändir, dogruçyllar bolsa olaryň ýykylýanyny görerler.
17
Ogluňy terbiýele, ol saňa rahatlyk berer, özüňe ýakymly bolar.
18
Gökden aýanlyk bolmasa, halk jylawsyz bolýandyr. Kanuny berjaý edýän bolsa bagtlydyr.
19
Gul diňe söz bilen terbiýelenýän däldir, çünki düşünse-de gulak asmaz.
20
Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.
21
Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa, soňunda ony mirasdary etmeli bolar.
22
Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr, gazaply adam ýazyk etdirýändir.
23
Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.
24
Ogry bilen şärik bolýan özüni ýigrenýändir, ol günälenmegi eşitse-de, hiç gepläp bilmeýär.
25
Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.
26
Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür, ýöne adam adalaty Rebden alýandyr.
27
Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem erbetlere ýigrenjidir.
← Chapter 28
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 30 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31