bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 31
Proverbs 31
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 30
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
1
Massa patyşasy Lemuwala ejesiniň öwreden wajyp sözleri.
2
Näme, oglum? Göwrämden önen zürýadym! Näme diýeýin, Hudaýdan diläp alan oglum?
3
Güýjüňi hem ýollaryňy patyşalary heläkleýän aýallara berme.
4
Eý, Lemuwal, şerap içmek patyşalara ýaraşmaz, çakyr hökümdarlara gelişmez.
5
Olar içip, düzgüni unudaýmasynlar, ähli ezilenleriň hakyny ýoýaýmasynlar.
6
Çakyry heläk bolup barýana, şeraby ajy hasrat çekýäne bergin.
7
Olar içip, garyplygyny unutsyn, azabyny ýada salmasyn.
8
Agzyňy dilsizler üçin, hossarsyzlaryň haky üçin açgyn.
9
Geple, dogruçyllyk bilen höküm çykar, garybyň we mätäjiň hakyny alyp ber.
10
Başarjaň aýaly kim tapyp bilýär? Onuň gadyr-gymmaty jöwherden ýokarydyr.
11
Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr, hiç zada mätäç bolmaz.
12
Ol ärine ýamanlyk däl-de, bütin ömrüne ýagşylyk edýändir.
13
Ýüňi we zygyry saýlaýandyr, elleri höwes bilen işleýändir.
14
Ol söwda gämileri ýaly, içerisiniň iýjegini uzakdan getirýändir.
15
Entek garaňkyka turup, içerisine nahar, hyzmatkärlerine tabşyryk berýändir.
16
Oýlanyp, ekin meýdanyny satyn alýandyr, eliniň gazanjy bilen üzümleri oturdýandyr.
17
Bilini berk guşap, gollaryna güýjüni toplaýandyr.
18
Harydynyň peýdasyny bilýändir, çyrasy gijesine-de sönýän däldir.
19
Elini çarha goýýandyr, barmaklary igi tutýandyr.
20
Garyba eli açykdyr, mätäje elini uzadýandyr.
21
Içerisi üçin gardan gorkýan däldir, çünki bütin içerisi galyň geýinýändir.
22
Özi ýorgan köpeýändir, lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr.
23
Äri şäher derwezesiniň alnynda tanalýar, ýurduň ýaşulularynyň arasynda oturýandyr.
24
Keteniden lybaslar tikip satýandyr, söwdagärlere guşaklar eltip berýändir.
25
Güýç hem hormat onuň lybasydyr. Geljege seredip guwanýandyr.
26
Danalyk bilen sözleýändir, dilinde oňat öwütler bardyr.
27
Içerisiniň işlerine oňat seredýändir, ýaltalyk çöregini iýýän däldir.
28
Çagalary turup, oňa alkyş aýdýandyr, äri hem turup, ony taryplaýandyr:
29
«Başarjaňlyk bilen işleýän zenan köpdür, ýöne sen olaryň baryndan ýokarysyň».
30
Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur, diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr.
31
Elleriniň miwesini oňa beriň, goý, şäher derwezesinde ony işleri öwsün.
← Chapter 30
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31