bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 5
Proverbs 5
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 6 →
1
[1-2] Oglum, akyllylygy gorar ýaly, dodagyň bilimi gorar ýaly, meniň danalygyma üns ber; düşünjäme gulak as.
3
Çünki bozuk aýalyň dodagyndan bal damýandyr, sözleri ýagdan ýumşakdyr.
4
Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr, ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir.
5
Onuň aýaklary ölüme, ädimleri ölüler dünýäsine tarapdyr.
6
Ol ýaşaýşa barýan ýol barada oýlanmaýar; Ugry bulaşyk, özi muny bilmeýär.
7
Şonuň üçin, ogullarym, meni diňläň, agzymyň sözlerinden çykmaň.
8
Ol aýaldan gaça duruň, onuň bosagasyna ýakynlaşmaň.
9
Ýogsa abraýdan düşersiň, zalyma bergidar bolarsyň.
10
Çeken azabyň hözirini başgalar görer, gazanjyň özgäniň öýüne gider.
11
Ah çekip nalarsyň ömrüň soňunda, teniň hem bedeniň guranda.
12
Diýersiň şonda: «Men näme üçin terbiýäni ýigrendim, ýüregim-de käýinji ret etdi?
13
Mugallymlarymy diňlemedim, öwredýänlere gulak asmadym.
14
Jemlenen jemagatyň öňünde, tas masgara bolupdym».
15
Suwy diňe öz guýyňdan, öz çeşmäň akaba suwundan iç.
16
Çeşmeleriň köçelere, bulaklaryň meýdançalara ýaýrasynmy?
17
Olary özge bilen paýlaşma, olar diňe özüňki bolsun.
18
Bulagyň suwlary ak pataly bolsun, ýaşlykda öýleneniňe guwan.
19
Ol bir söýgüli jeren, näzik maral ýalydyr, onuň göwüsleri seni gandyrsyn. Mydama keýpli joş.
20
Oglum, seni näme üçin başga aýal joşdurmaly? Näme üçin zynahor aýaly bagryňa basjak?
21
Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr, olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr.
22
Erbetler öz etmişinde tutulyp, günälerine baglanýarlar.
23
Olar terbiýesizlikden ölerler, aşa akmaklygyndan azaşarlar.
← Chapter 4
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 6 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31