bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 24
Proverbs 24
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 23
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 25 →
1
Ýamanlara gözüň gitmesin, olar bilen bile bolmak isleme.
2
Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.
3
Öý danalyk bilen gurulýandyr, düşünje bilenem berkarar edilýändir.
4
Bilim bilen öýüň içi gymmatly hem ýakymly baýlykdan dolýandyr.
5
Parasatly adam güýçlülerden güýçlüdir, bilimli adam öz güýjüni artdyrar.
6
Çünki sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň, maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr.
7
Akmak üçin danalyk örän belentdedir, mejlisde ol agzyny açyp bilmeýär.
8
Niýetini ýamana dikýäne pitneçi diýilýändir.
9
Akmaklygy niýetlemek günädir, masgaralaýjy bolsa adamlara ýigrenjidir.
10
Agyr günde tapdan düşseň, seniň güýjüň azdyr.
11
Ölüme alnyp barylýanlary halas et, büdräp barýanlary yzyna çek.
12
Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri Synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?
13
Oglum, bal iý, çünki ol ýakymlydyr, bal damagyňa datlydyr.
14
Danalyk hem seniň janyňa bal ýalydyr, ony tapsaň, geljegiňi taparsyň. Umydyň üzülmez.
15
Erbet adam ýaly dogruçylyň mesgenine garşy bukuda ýatma, onuň ýurduny ýykma.
16
Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, erbedi betbagtlyk ýykýandyr.
17
Duşmanyň ýykylanda şatlanma, büdrese ýüregiň begenmesin.
18
Ýogsa ony Reb görüp, Ol senden närazy bolar, gaharyny duşmanyňdan sowar.
19
Ýamanlyk edýänler üçin gaharyňy getirme, erbetlere gözüň gitmesin.
20
Çünki olaryň geljegi bolmaz, erbetleriň çyrasy öçer.
21
Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.
22
Çünki olaryň betbagtlygy duýdansyz geler, Reb hem patyşadan ýetjek weýrançylygy kim biler?
23
Şular hem akyldarlaryň sözleridir: Hökümde tarapgöýlik etmek ýagşy däldir.
24
Erbede: «Sen dogrusyň» diýeni halklar näletlär, ony milletler ýigrener.
25
Karar çykarýanlaryň şähdi şat bolar, olara ýagşy alkyşlar geler.
26
Dogry jogap dodagyňdan ogşalýan ýalydyr.
27
Daşardaky işleriňi bitir, ekin meýdanyňy tertibe sal, soňra öýüňi gur.
28
Ýakynyňa sebäpsiz ýere şaýatlyk etme, diliň bilen aldama.
29
«Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn» diýme.
30
Men ýalta adamyň meýdanyndan, kemakylyň üzüm bagynyň gapdalyndan geçdim.
31
Ine, bar ýeri haşal ot basan eken, üstüni bürmek örten eken, daşyndaky diwary ýykylan eken.
32
Nazar saldym hem oýa batdym, görenimden sapak aldym.
33
[33-34] Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk galtaman ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner.
← Chapter 23
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 25 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31