bible
ra
🌐 Language
English
Español
Français
Deutsch
Português
Italiano
Nederlands
Русский
中文
日本語
한국어
العربية
Türkçe
Tiếng Việt
ไทย
Indonesia
All Languages
Home
/
Turkmen
/
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
/
Proverbs 22
Proverbs 22
Turkmen 2016 Latin (Mukaddes Kitap)
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 23 →
1
Ýagşy at-abraý köp baýlykdan artyk, sylag-hormat hem kümüş-altyndan ýagşydyr.
2
Baý bilen garybyň bir meňzeşligi bar, olaryň ikisini-de ýaradan Rebdir.
3
Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir, nadan göni gidip jeza alýandyr.
4
Kiçigöwünliligiň, Rebden gorkmagyň sylagy baýlyk, abraý we ýaşaýyşdyr.
5
Egri adamyň ýolunda tikenler we duzaklar bardyr. Öz janyna haýpy gelýän olardan daş durar.
6
Çagany dogry ýol bilen terbiýele, ulalanda hem şondan sowulmaz.
7
Baýlar garyplaryň üstünden höküm sürýändir, bergili-de karz bereniň guludyr.
8
Adalatsyzlyk ekýän bela-beter orar, gazabyň taýagyndan heläk bolar.
9
Sahy adam ýalkanýandyr, çünki ol çöreginden ejizlere berýär.
10
Masgaralaýjyny kow, şonda jenjel ýok bolar, töhmetdir-dawanyň yzy kesiler.
11
Päk ýürekliligi söýýän, merhemetli sözleýän patyşanyň ýakyny bolar.
12
Rebbiň gözleri bilimi goraýandyr, wepasyzyň sözlerini bolsa ýalana çykarýandyr.
13
Ýalta diýýär: «Daşarda arslan bar, ýolda ol meni parçalar».
14
Azgyn aýalyň agzy düýpsüz gorpdur, Rebbiň gazabyna duşan oňa ýykylar.
15
Çaganyň ýüreginde akmaklyk kök urýandyr, ýöne terbiýe taýagy ony akmaklykdan uzaklaşdyrýandyr.
16
Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.
17
Gulak as-da, akyldarlaryň sözüni diňle, meniň öwretjek zatlaryma dykgat et.
18
Sen olary kalbyňda saklasaň, olaryň ählisi diliňde bolsa ýakymly bolar.
19
Seniň Rebbe ynanjyň bolary ýaly, men şu gün saňa, hut saňa öwredýärin.
20
[20-21] Gaýdanyňda seni ýollanlara çyn söz hem ynamly jogap bereriň ýaly, men saňa maslahat hem bilim üçin otuz nesihat ýazyp bereýin.
22
Garyby garyplygy sebäpli talama, mätäji mejlisde ezme.
23
Çünki olaryň tarapyny Reb tutar, olary talany Ol talar.
24
[24-25] Olaryň ýollaryna öwrenişip, janyňy duzaga düşürmeziň üçin, gaharjaň adam bilen tirkeşme, gyzma adam bilen gatnaşyk açma.
26
Biri bilen el berişme, birine kepil bolýanlardan bolma.
27
Tölemäge zadyň bolmasa, aşagyňdaky düşegiňi almazlarmy näme?
28
Ata-babaň goýan gadymy araçäk daşyny süýşürme.
29
Işine ökde adamlary görýäňmi? Olar garamaýagyň hyzmatyny etmez, patyşalaryň huzurynda durar.
← Chapter 21
Jump to:
Chapter 1
Chapter 2
Chapter 3
Chapter 4
Chapter 5
Chapter 6
Chapter 7
Chapter 8
Chapter 9
Chapter 10
Chapter 11
Chapter 12
Chapter 13
Chapter 14
Chapter 15
Chapter 16
Chapter 17
Chapter 18
Chapter 19
Chapter 20
Chapter 21
Chapter 22
Chapter 23
Chapter 24
Chapter 25
Chapter 26
Chapter 27
Chapter 28
Chapter 29
Chapter 30
Chapter 31
Chapter 23 →
All chapters:
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31